Aşgabatda Natalýa Şabuntsa hüjüm etdiler

Aşgabatda raýat aktiwisti we hukuk goraýjy Natalýa Şabuntsa garşy ýene-de bir prowakasiýa guraldy. 20-nji awgust güni irden, Natalýanyň adatça itlerini gezdirýän wagtynda, ýanlary ýaş çagaly iki gelin onuň ýanyna geldi:

Rus doňzy! Diňe ruslar öýünde it saklaýar! Olaryň itleri biziň çagalarymyzy gorkuzýar! Olar öz gykylyklaryna türkmençe hapa sögünçleri we beýleki masgaralaýjy sözleri garyp, patdyk-sytdyk rusçalap gygyrdylar.

Pekineslerden däl (N.Şabunts olaryň birini eline aldy), öz ejeleriniň gykylygyndan gorkan çagalar aglamaga başladylar.

Natalýa ol aýallardan çekilip, jaýyna tarap gitmäge çalyşdy. Emma olar onuň yzyndan galmadylar. Ýolda duşan erkek adam bolsa, Natalýanyň arka tapmaga çalyşýandygyna garaman, gelinleriň tarapyny tutdy.

Olar onuň yzyndan gygyrmaga başladylar: Nirä gaçýarsyň, mahluk? gel gürleşeli! Biz öz ajaýyp ýurdumyzda örän gowy ýaşaýrys! Öz isleýşimiz ýaly ýaşaýarys! Sen bolsa öz Russiýaňa gümüňi çek!

Goňşy jaýlaryň ýaşaýjylaryndan arka tapmak umydy bilen, Natalýa Şabunts irden adamlaryň çilim satyn almak umydy bilen üýşýän uly bolmadyk dükanynyň ýanyna ýöneldi. Emma ol ýerde hem birnäçe erkek oňa gygyryp, masgaralaýjy sözleri aýdyp, itlerini depmäge çalyşdy. Olar diňe bir aksagkal türkmen utandyranyndan soň gygyrmalaryny goýdular.

Natalýa basymrak öýüne dolanmakdan başga çäre galmady.

Biraz soň wakany äpişgelerinden synlap, bolan işe şaýat bolan goňşular hemmeden beter gygyran iki gelni bu töwerekde mundan öň hiç wagt görmändiklerini gürrüň berdiler. Olaryň ýanyndaky erkek adam bolsa, köplenç Natalýanyň ýaşaýan jaýynyň girelgesinde garawulçylyk edýär.

Ozal biz Natalýanyň jaýynyň girelgesiniň golýanynda hemişe içi adamly bir awtomobiliň nobatçylyk çekýändigini habar beripdik.Onuň işigine öldürilen goýnuň kellesini taşlapdylar.

N.Şabunts hemişe özüne atylýan haýbatlary eşitmäge mejbur bolýar, emma özüniň aktiw raýat pozisiýasyndan el çekmeýär.

Natalýanyň öz pikirine görä, ýörite gulluklar ony Aziýa sport oýunlarynyň öňüsyrasynda gorkuzmaga çalyşýarlar.

Ýatladýarys, golaýda “Azatlyk” radiosynyň (Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy) habarçysy Soltan Açylowanyň garşysyna hem näbelli adamlar tarapyndan tapgyrlaýyn hüjüm edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna syn. Sentýabr 2017. AHTI-niň hasabaty
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Natalýa German Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germany kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi