Aşgabatda "Multfilmlerden meşhur simfoniki sazlar" ýaňlandy

Aşgabatda "Multfilmlerden meşhur simfoniki sazlar" ýaňlandy

Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýylyň aýdym-saz möwsümini tamamlady. 17-nji iýulda Mukamlar köşgünde geçirilen konsert multfilmlerdäki meşhur owazlara bagyşlandy diýip, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan gürrüň berdi.

Orkestriň çeper ýolbaşçysy hem baş dirižory Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki topary 17-nji iýulda, Mukamlar köşgünde çagalar we ulular üçin, “Multfilmlerden simfoniki hitler” atly konserti bilen aýdym-saz möwsümini tamamlady.

Orkestr esasy köprägi “Disneý” tarapyndan döredilen 15 meşhur multfilme ýazylan sazlardan, 16 saz eserini çaldy, şeýle hem solist aýdymçylar Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew çykyş etdiler.

Konsert başlamazyndan 40 minut öň tomaşaçylar köp sanly çagalar bilen zaly dolduryp başladylar, sagat 18-de zal tomaşaçydan doldy. Ajaýyp reňkli wideo şekilleriň fonunda geçen aýdym-saz agşamy Rasul Gylyjowyň çagalara simfoniki konserti diňlemegi öwretmekdäki ilkinji üstünlikli tejribesi däl.

Bu gezek çagalar meşhur multfilmlere ýazylan sazlar bilen tanyşdylar, çykyşlaryň her birini şatlykly garşylap, el çarpdylar. Sazlar ýerine ýetirilýärkä, mukamy üns bilen diňlediler.

Orkestr 1940-njy ýylda meşhur bolan Disneý animasiýa toplumynyň “Pinokkio” ("Pinocchio") filminden, kompozitor Li Harlaýnyň “Ýyldyzlara arzuw besläniňde" ("When You wish upon a star") saz kompozisiýalary bilen konserti açdy.

Beýleki çalnan saz eserleriniň ählisi häzirki zaman animasiýa filmlerinden alyndy. Olardan ilki “Mulandan” (1989 ý.) başlap, 90-njy we 2000-nji ýyllardaky filmler, şol sanda iň soňky “Enkanto” (2021 ý.) filminden sazlar bar.

Konsertde häzirki zaman meşhur Amerikaly kompozitor we prodýuser Alan Menkeniň dört multfilminden bäş meşhur saz ýerine ýetirildi.

Maýsa Nyýazowa "Pokahontas" ("Pocahontas") hem "Kiçijik suw perisi" ("The Little Mermaid") filmlerinden iki kompozisiýany ýerine ýetirdi. Ol mekir jadygöý Ursulanyň aýdymyny rus dilinde aýtdy.

“Aladdin” toplumyndaky “Arap gijeleri” (“Arabian Nights”) seriýanyň her açylyş kompozisiýasy Döwran Şammyýew tarapyndan ýerine ýetirildi. Şol tapgyrdaky beýle bir meşhur bolmadyk “Saňa täze dünýä görkezerin” ("A Whole New World") filminden, Maýsa bilen Döwran goşulyp aýdym aýtdylar. “Gözel gyz we peläket” ("Beauty and the Beast") filmindäki goşa ses bilen aýdylan aýdymlar hem ýaş tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başardy. Örän gowy sesli bu iki aýdymçy ýekelikde aýdanlarynda-da, bilelikde aýdanlarynda-da öz ukyby bilen diňleýjileri begendirip, soňky döwürde konsertleriň abraýyna eýe bolýarlar.

Ýaş hem uly tomaşaçylaryň göwnünden turan bu konsertde, multfilmlerden aýdym-sazlar wideo yzygiderliliginde ýerine ýetirildi: olarda "Tarzan", "Ruh", "Nuhuň gämisi", "Şazada Guw", "Gülgün planeta", "Doňýürek", " Müsür şazadasy", "Ratatuý” filmlerinden sazlar boldy.

Konsert gutaran badyna çagalar sahna ylgap, özlerine şatlyk paýlan sazandalara gül desselerini berdiler.

Multfilmlerde saz elmydama möhüm rol oýnap geldi, saz tebigy taýdan film bilen utgaşsa-da, köplenç aýdym-saz "erkin ýagdaýa çykýar" hem özbaşdak mukam akymyny emele getirýär. Şonuň üçin filmleriň aýdym-sazyny döretmäge iň zehinli kompozitorlar çekilýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli saz muşdaklary ýurtda diňleýjileriň göwnünden turaýjak konsertdir-şowhunly dabaralaryň çäkli möçberde geçirilýändigini, munuň deregine medeniýet pudagynyň ýurtdaky režimi we ýurt ýolbaşçylarynyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmak ugrunda tagalla edýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy.WIDEO
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI
Resul Gylyjowyň täze taslamasy: ertekiniň sungat dilindäki beýany we saz fantaziýalary
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy