Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli 27-28-nji oktýabrda Mukama siňen ömür atly festiwal geçirilýär. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde birnäçe dabaralar geçiriler. Biz festiwalyň meýilnamasy bilen okyjylarymyzy saýtymyzyň üsti bilen habarly edipdik.

Festiwalyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Festiwal Daňatar Hydyrowyň Garaşsyz Türkmenistan aýdymy bilen başlandy. Ony Türkmenistanyň Döwlet hory we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri bilen bilelikde aýdymçylaryň dört topary dabaraly ýerine ýetirdi. Festiwalyň açylyşynda Nury Halmämmedowyň ýakyn tanyşlary çykyş etdiler.

Meret Annamyradowyň Nury Halmämmedowa bagyşlan Tokkato sazy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Erjel Ýagşymyradow tarapyndan fortepianoda ýerine ýetirildi. Olar zalda oturanlar bilen türkmen kompozitory baradaky ýatlamalaryny paýlaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ýaşan gysga döwründe döreden şirin ýazlary bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde meşhur bolan kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijilik ýoly barada gürrüň berdiler. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow we beýlekiler bar.

Kompozitor Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Magtymguly etrabynyň Daýna obasynda dünýä inýär.Onuň kakasy Halmämmet Baýlyýew, ejesi Hangül Mämmedalyýewa ýönekeý oba adamlary hasaplanýar.Kompozitoryň ýakyn garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, Hangül daýza Annahal atly bagşynyň neberesinden bolupdyr.

Nury Halmämmedowyň 1977-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda öz eli bilen ýazan terjimehalyna görä, 1954 — 1958-nji ýyllarda ol Aşgabat şäherindäki sazçylyk uçilişşesinde, 1958 — 1963-nji ýyllarda bolsa Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň kompozitorçylyk klasynda okaýar.

Okuwy tamamlap, Aşgabada gaýdyp gelýär we döredijilik bilen meşgullanýar.

Saz ussady galdyran ýazgylarynda kinokartinalaryň 16-syna saz döredendigini agzapdyr.Türkmenistan atly bäş bölümden ybarat simfoniki kartina, üç bölümden durýan simfoniýa eserini, Aýgytly ädim filminiň sazy esasynda sýuita we başga-da birnäçe saz eserlerini ýazandygyny nygtapdyr. 14 ýylyň içinde 16 sany uly göwrümli kino eserine, ençeme ownukly-irili kartinalara saz döretmek her bir ylhamly adamdan uly döredijilik gözleglerini talap edýär. Şol 16-lygyň içinde türkmen halkyny dünýä ýüzüne tanadan Aýgytly ädim, Şükür bagşy, Keçpelek, Mukamyň syry ýaly filmleriň ençemesi bar.

Bularyň üstüni Japbaklar, Kärizgenler, Gorkak batyr, Magtymguly, Atabaýew ýaly çeper filmler bilen ýetirilse welin, iň oňat, iň ýatda galyjy filmleriň sazyny ýazan ussada baş egeniňi duýman galarsyň.

Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlary Nury Halmämmedowyň sazlaryna, Mollanepesiň, Gurbannazar Ezizowyň we beýleki görnükli şahyrlaryň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli sungat ussatlary bilen birlikde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle-de çagalar toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Festiwal Jemal Reýimowanyň Ýaşasyn Türkmenistan! atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdürowa Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen çykyş etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Kalp tary atly täze oýun sahnalaşdyryldy. Täze sahna eseriniň režissýory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowdyr.

Kalp tary atly täze sahna eseri Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna özboluşly sowgat bolandygyny hem nygtamak gerek.

Ýene degişli makalalar

Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert
Aşgabatda Sazdaky durmuş konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan konserti geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde N.Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli konsert boldy