Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlar maýyplar guramasynyň işinden nägile bolýar

Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlar maýyplar guramasynyň işinden nägile bolýar

Aşgabatda mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň ençemesi şäher häkimliginiň düzümindäki Maýyplar jemgyýetçilik guramasynyň işinden nägile bolýar. Olar soňky birnäçe ýyl bäri bu gurama kömek sorap edýän ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermeýändigini aýdýarlar. Bu barada aşgabatly maýyplaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.

“Bu gurama zerur bolan resminamalary toplap tabşyran maýyplara dürli kömekleri etmeli. Ýöne soňky döwürde biziň kömek sorap ýazýan arzalarymyz, tabşyrýan resminamalarymyz kanagatlandyrylmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly mümkinçiligi çäkli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Gurama ýüz tutan maýyplaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, bu ýerdäki resmiler munuň sebäbini soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet tarapyndan gurama tas hiç hili maliýe serişdesiniň bölünip berilmezligi bilen düşündirýärler.

“Guramanyň hasabynda kömek bermek üçin bir teňňe hem ýok, diňe bölümde işleýän üç sany işgär, şol sanda hasapça we hünärmenlere tölemek üçin aýlyk pul serişdesi häkimlik tarapyndan bölünip berilýär, başga hiç zat ýok” diýip, aşgabatly ýene bir maýyp guramanyň wekiliniň aýdan sözlerini anonimlik şertinde sitirledi.

Mümkinçiligi çäkli raýatlaryň tassyklamagyna görä, bu gurama soňky birnäçe ýyla çenli maýyplaryň, hususan-da, birinji we ikinji topara degişli maýyplaryň saglygyny dikeltmäge kömek edýärdi.

“Guramanyň kömegi bilen, mugt ýa-da arzan bahadan ýylda bir gezek ýurtdaky şypahanalaryň birinde bir hepde dynç alyp, saglygymyza seretdirip bilýärdik” diýip, aşgabatly maýyp belledi.

Mundan başga-da, olar maliýe hemaýatyndan hem peýdalanyp bilýärdiler. Gurama önümçilikde elini, goluny ýa-da aýagyny aldyryp, elsiz ýa-da aýaksyz galan adamlara ýasama el ýa-da aýak ýasatmak bilen bagly çykdajylar üçin pul serişdesini hem berýärdi.

“Ýerinden gozganmak ukybyny ýitiren adamlara, ýagny insult geçirip, özbaşdak nahar iýip bilmeýän, hajathana zerurlyklaryny berjaý edip bilmeýän maýyplara derman serişdeleri bilen bir hatarda, kagyz süpürijileri, podguznikleri, pampersleri satyn almak üçin pul kömegi berilýärdi. Indi bularyň hemmesi bes edildi” diýip, aşgabatly maýyp belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, dermanlaryň, azyk önümleriniň we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gymmatlamagynyň arasynda, bu ýagdaý mümkinçiligi çäkli bolan adamlara ýiti täsir edýär.

“Döwlet tarapyndan her aýda berilýän kömek puly maýyplaryň dermanlaryna, saglyk bejergisine hem ýetmeýär. Ejize, garyba, maýyplara berilmeli kömek pullary bolsa, rejesiz ugurlara sarp edilyär” diýip, ol sözüni jemledi.

Azatlyk Aşgabadyň häkimliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, häkimlik we agzalýan gurama bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 27-nji ýanwarda yzygiderli eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda maýyplygy bolan adamlar babatynda “aýratyn alada edilýändigini” tekrarlaýar.

Ýöne habarçylarymyz döwlet tarapyndan berilýän kömek pullarynyň olaryň saglygyna seretdirmäge ýetmeýändigi, lukmanlaryň olara mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýändigi barada wagtal-wagtal habar berýärler.

Geçen hepde Marydaky habarçymyz döwlet tarapyndan jaý berlen käbir maýyplaryň öz saglyk çykdajylaryny tölemek üçin öýlerini kireýine berip, dogan-garyndaşlarynda ýaşamaga mejbur bolýandygyny habar berdi.

Şonda ol ýerli häkimiýetleriň bu jaýlarda barlag geçirýändigini we jaýlaryny kireýine beren maýyplaryň jaýlarynyň ellerinden alynýandygyny hem aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlar maýyplar guramasynyň işinden nägile bolýar
Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýar
Oraza bilen bagly Aşgabadyň dükanlarynda mätäçlere mugtyna harytlar paýlanýar,emma,isleýänleriň diňe az sanlysyna ýetýär
Aşgabadyň ýaşaýjylary çörek almak üçin ir sagat 3-de nobata durýarlar
Aşgabat wokzalynyň ýolagçylary amatsyzlyklardan zeýrenýärler
Türkmenistanda ýene ýeňillikli bahadan berilýän dermanlaryň sany azaldyldy