Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar

Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda nusgawy fransuz dramaturgy Žan-Batista Molýeriň Plutni Skapen (Haltada husyt) atly komediýasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde berilýän habara görä, Merdan Handurdyýewiň rezissýorlyk eden spektaklynda mekir hyzmatkär Skapiniň hileleri barada gürrüň beriler. Şeýle hem söýgi, durmuş gurmak temalary barada belleniler.

Haltada husyt pýesasyny Molýer 1670-nji ýylda ýazylypdy. Bu eser ilkinji gezek 1671-nji ýylyň 24-nji maýynda Pariždäki Palais Royal teatrynda sahnalaşdyryldy. Molýeriň özi bu premýerada Skapiniň roluny ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Köne elektron enjamlardan altyn alnar
“Shell” ýokary girdeji hasaba aldy
Psihologlar köplügiň hereketini öňünden çaklamagy öwrendiler
Aşgabatdaky Gold Palace we Villeroy & Boch dükanlary Oraza aýy mynasybetli arzanladyş yglan edýär
Aşgabatdaky Gold Palace şaý-sepleriň dükany dünýäniň tejribeli zergärleriniň ýasan bezeglerini hödürleýär
Beýik Britaniýada şa aýalyň hormatyna şaýy pul çykarylar