Bahar paslynyň ilkinji günlerinde Aşgabatda möwsümleýin dümew keseli ýaýrap başlady. Paýtagtly ýaşaýjylar öňüni alyş çärelerini güýçlendirip, dem alyş ýollarynyň möwsümleýin tolkunyndan goranmaga çalyşýarlar.
“Şu günler paýtagtda dümew keseliniň täze tolkuny döreýär. Ýerli ýaşaýjylar köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini geýip, wirusdan goranmaga çalyşýarlar” diýip, bir paýtagtly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Näsaglar üsgülewük, beden gyzgynynyň ýokary galmagy we demgysma ýaly alamatlardan şikaýat edýärler.
“Köp hojalykda dümew keseli birnäçe aýlap dowam edýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde şu ýyl gyş paslynda, hususan-da ýanwar-fewral aýlarynda keselçilik hadysalary artdy. Ilat arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri ýaýrady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli hassahanalarda näsaglaryň köpelmegi barada habar berdiler.
Ýanwaryň başlarynda maryly lukmanlar dümew alamatlary bilen hassahanalara ýüz tutýan adamlaryň ep-esli köpelendigini gürrüň berdiler.Türkmenabatda näsaglara köplenç öýlerinde bejergi almak maslahat berildi. Şeýle-de, hassahanalara sygmadyk näsaglara saglyk öýlerinde bejergi almak barada görkezme berildi.
Käbir keselhanalarda we saglyk öýlerinde lukmanlar, şepagat uýalary dynç günlerinde hem işlemäge mejbur boldy. Ýokanç keseller hususan-da, uly ýaşly adamlarda we kiçi ýaşly çagalarda agyr geçdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan paýtagtly ýaşaýjylar ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda dowam edýän nogsanlyklara ünsi çekip, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeýändigini we Türkmenistanda adamyň saglygynyň ýyl-ýyldan gowşaýandygyny aýdýarlar.
Saglyk işgärleri ykdysady kynçylyklaryň, azyk howpsuzlygy boýunça dowam edýän problemalaryň adamlaryň saglygyna zarba urýandygyny, çagalaryň kiçi ýaşdan zerur witaminlerden, beloklardan mahrum ýetişýändigini, bu ýagdaýyň bolsa uzak möhletde halkyň keselçilige garşy immunitetini gowşadýandygyny aýdýarlar.
“Dermanhanalarda daşary ýurtlardan getirilýän dermanlaryň, witaminleriň, biogoşundylaryň bahalary örän gymmat. Maşgalalarda çagalara kiçi ýaşda berilmeli iýmit önümlerini satyn almaga mümkinçilik bolmaýar. Çagalar süýtden kesilenden soňra, hojalyklarda bar bolan iýmit önümleri bilen oňmaly bolýar. Şeýlelikde, çaga daşardan abanýan kesellere garşy tebigy immuniteti gowşak adam bolup ýetişýär” diýip, bir saglyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý ilat arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň agyr geçmegine we uzak wagtlap dowam etmegine alyp gelýär.
“Adamlar beden üçin zerur bolan beloklary, mikroelementleri we witaminleri öz wagtynda alyp bilmänsoň, her ýyl pasyl çalşanda köpçülikleýin hassalyga sezewar bolýarlar. Sebäbi, immunitet gowşansoň, bedeniň dümewe garşy goranyş ukyby pese gaçýar” diýip, hünärmen aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti paýtagt Aşgabatda we sebit merkezlerinde gurlup ulanylmaga berilýän saglyk desgalaryny, köpugurly hassahanalary we ylmy-kliniki merkezleri saglyk pudagyndaky ösüşlere subutnama hökmünde hödürleýär.
Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, azyk howpsuzlygy bilen bagly aladalar sagdyn jemgyýete wehim salýar.
“Sowetler döwründe mekdeplerde, edara-kärhanalaryň naharhanalarynda hepdäniň her penşenbe güni balykdan taýýarlanan tagamlar hödürlenerdi, dermanhanalarda witaminler we beýleki immun serişdeleri ýeterlik bolardy” diýip, uly ýaşly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
“Häzir ilatyň saglygy täjirçilik, gazanç çeşmesine öwrülip barýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.