Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi

Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi atly maslahat geçirildi. Çäre ata-baba halk senetçiligini döwre laýyk ýöretmegi, häzirki zaman jemgyýetinde amaly-haşam sungatynyň ösmegi we saklanyp galmagy üçin şertleri döretmegi maksat edindi diýlip, Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow maslahaty açyp, oňa gatnaşyjylary amaly-haşam sungaty işleriniň sergisiniň işläp başlamagy bilen gutlady. Serginiň çäklerinde görkezilýän önümler özboluşly halk sungatynyň nesilden-nesle geçýän dowamatlygyna we häzirki zaman ussalarynyň milli medeniýeti öwrenmek we baýlaşdyrmak höwesine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda we ony dünýä giňden ýaýmakda döwlet syýasatynyň möhüm ähmiýeti bar.Häzirki wagtda Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatlaryň ýokary derejede wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňky ýyllarda ýurduň çäginde ýerleşýän özboluşly ýadygärlikler, şeýle hem türkmen halkynyň dürli çeper döredijiligi dünýä taryhynyň we medeniýetiniň ähmiýetli zatlaryny hasaba alýan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Olaryň arasynda türkmen halyçylyk sungaty, häzirki zaman keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bar.Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky başlangyçlarynyň arasynda Nowruz baýramy, türkmeniň keçe basmak sungaty, türkmen demirçilik senedi we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň müdiri Jemile Gurbanowa öz çykyşynda maslahata gatnaşyjylary golaýda neşir edilen, milli keçe basma senedine bagyşlanan Türkmenleriň keçesi kitaby bilen tanyşdyrdy.

Çäre ussatlaryň öz senetçilik işleri arkaly ýaş nesle milli medeniýeti saklap galmagyň we öwretmegiň ähmiýeti barada çykyşy bilen dowam etdi.

Amaly-haşam sungaty ussatlarynyň gatnaşmagyndaky indiki maslahaty şu ýylyň güýzünde geçirmek göz öňünde tutulýar diýlip, çeşmede habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

“Ykbala baglanan sungat”
11.09.2019 | Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy
Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy
05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
12.12.2017 | Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek
Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek