Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

7-nji martda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar 2022-nji ýylda Türkmenistanda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellediler.

2023-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Türkmenistanyň Hökümetiniň we MHG-nyň bilelikdäki taslamalaryny ýakyn wagtda durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Adam söwdasyna garşy göreş we migrantlara kömek, şeýle-de tehniki hyzmatdaşlyk hem-de serhet dolandyryşy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Mundan başga-da, duşuşykda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny täzelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy kabul edildi
Güler we Fidan Malaýziýada Saparda Bolýar
MHG-nyň Maslahaty Prezidentiň Kompleksinde Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Döwlet migrasiýa gullugynda kabul edildi
Türkmenistan MHG bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar