Aşgabadyň Ýyldyz myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi.Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada #IBelong (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar raýatsyzlygy aradan aýyrmak ýaly ählumumy meseläni çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlary baradaky giňişleýin syn bilen tanyşdyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasaty esasynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.Häzirki wagtda olar Garaşsyz Türkmenistanyň raýatlarynyň doly we mizemez hukuklaryna eýedirler.
Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen öňe barýan ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1146-syna Türkmenistanyň pasportynyň gowşurylmagy ýurtda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik berdi.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem Dogluşyň ählumumy hasaba alnyşy: sebitiň öňdebaryjy tejribesi, Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibini kämilleşdirmek, Raýatsyzlyk we ösüş: durnukly geljegi gurmak, Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň mümkinçiliklerini öwrenmek atly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar boldy.
Maslahata gatnaşyjylar #IBelong ählumumy başlangyjynyň üstünlikli geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen köpugurly işleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, XXI asyryň möhüm ählumumy wehimleriniň biri hökmünde raýatsyzlygy aradan aýyrmakda tagallalary birleşdirmegiň hem-de bilelikdäki utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp düzmegiň wajypdygyny bellediler.