Aşgabatda Meksikanyň ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi

Aşgabatda Meksikanyň ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi

19-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martinez Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we DIM-ara geňeşmeleri geçirmek arkaly syýasy-diplomatik ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem dürli halkara meýdançalarynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we atçylyk ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Ilçi Hoseýn Ali Mustafa Gannam Palestina iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mejlisde Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi kabul edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny