
Aşgabatda şu günler maşgala nikasyny bozup, aýrylyşmak isleýän raýatlar ýaşaýan ýerindäki etrap kazyýetine baranda, bu hyzmat üçin resmi tölegiň bäş esse gymmatlandygyny bilip galýarlar.
Bu ýagdaýlar barada 5-nji fewralda paýtagtdan maglumat beren Azatlyk Radiosynyň habarçysy munuň köp är-aýalyň aýrylyşmak meselesini soňa goýmagyna getirýändigini aýdýar.
“Maşgalanyň erkek ýa-da aýaldygyna garamazdan, resmi nikany bozmak üçin ýerli kazyýete ýüz tutan tarapdan 6 müň manat möçberdäki tölegi geçirmek talap edilýär” diýip, adamysyndan aýrylyşmak isleýän aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Habarçymyz we maşgala nikasyny bozmak üçin ýakynda ýerli edaralara ýüz tutan başga-da ençeme aşgabatlynyň tassyklamagyna görä, bu töleg mundan alty aý çemesi ozal 1 müň 200 manada barabardy.
“Etrap kazyýetiniň resmileri bu gymmatlamanyň haçandan güýje girendigi barada anyk bir zat aýtmaýarlar. Ýöne olar raýatlaryň işine diňe bu töleg geçirilenden soň seredilip başlanjakdygyny nygtaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýene bir ýaşaýjy belledi.
Türkmenistanda nikany bozmagyň tertibi ýurduň Maşgala kodeksiniň 5-nji babynda kesgitlenilýär.
Eger är-aýalyň ikisi hem aýrylyşmaga razy bolsalar we arada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çaga we bilelikdäki emläk barada dawa ýok bolsa, onda är-aýal haýsy hem bolsa biriniň ýaşaýan ýerindäki Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň edarasyna (ЗАГС) ýa-da nika baglanyşylan edara arza bermek arkaly aýrylyşyp bilýärler.
Eger är-aýalyň biri aýrylyşmaga razy bolmasa ýa-da maşgalada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çagalary bar bolsa, onda nikany bozmak arza berýäniň ýaşaýan ýerindäki etrap kazyýeti tarapyndan alnyp barylýar.
Nikany bozmak üçin zerur bolan resmi tölegiň birden bäş esse ýokarlandyrylmagy, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we durmuş gymmatçylygynyň arasynda, köp raýata agram salýar.
“Häzir kazyýete arza bilen ýüzlenen köp är-aýal resmi tölegi geçirip bilmän, puly toplaýançalar nikada durmaly bolýarlar. Olar aýrylyşmak meselesini soňa goýmaga mejbur bolýarlar. Sebäbi olar 1500-2000 manat aýlyk alyp, aýdan-aýa zordan gününi görýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Munuň bilen bir wagtda, habarçymyz ýurtda aýrylyşmak isleýän maşgalalaryň sanynyň hem köp bolmagynda galýandygyny, olaryň esli böleginiň adamysy ýa-da aýaly Türkiýede zähmet çekýän raýatlardygyny belleýär.
“Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar zerarly, gazanç gözleginde maşgalalaryň aýra düşmegine we bozulmagyna çözgüt tapmagyň deregine, tölegleri ýokarlandyryp, olaryň aýrylyşmagyna hem böwet bolýarlar” diýip, paýtagtly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerde, şol sanda Aşgabat şäher kazyýetinden we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10% artdyryldy. Bu barada häkimiýetler geçen ýylyň tomsunda yglan etdiler. Şondan bäri azyk önümleriniň we durmuş hyzmatlarynyň ençeme görnüşi hem telim göterim gymmatlady.
Ýylyň başyndan aýlyklaryň ýokarlandyrylýandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri inflýasiýanyň derejesini yglan etmeýär, azygyň we durmuş hyzmatlarynyň näçe göterim gymmatlaýandygy barada aç-açan maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.