Aşgabatda, Maryda we Lebapda etiň we ýumurtganyň bahasy durnukly, ýöne gök-bakja önümleriniň nyrhy üýtgäp durýar

Aşgabatda, Maryda we Lebapda etiň we ýumurtganyň bahasy durnukly, ýöne gök-bakja önümleriniň nyrhy üýtgäp durýar

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde ýumurtganyň we sygyr etiniň birden 100%-e çenli gymmatlamagynyň yzysüre, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň beýleki sebitleriniň bazarlaryndaky nyrhlary öwrendi.

Olar Aşgabatda, Maryda we Lebapda bu önümleriň nyrhlarynyň esasan durnuklydygyny aýdyp, Türkmenbaşydaky gymmatlamanyň dynç alyş möwsümi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belleýärler.

“Paýtagtyň bazarlarynda arassa sygyr etiniň bir kilogramy 65 manatdan, süňkli et 55 manatdan bahalanýar. Ýumurtganyň 10 sanysy 10 manatdan satylýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 19-njy iýulda beren maglumatynda aýtdy.

Marydaky habarçymyz hem bahalaryň durnuklydygyny, häzirki wagtda sebitiň bazarlarynda bir kilogram sygyr etiniň 50 manatdan satylýandygyny aýtdy.

“Bir sany öý ýumurtgasy 2 manat bahalanyp, onuň 30 sanysy 60 manatdan satylýar. Guşçulyk toplumlary tarapyndan öndürilen ak ýumurtganyň biri 1,5 manat bolup, 30 sanysy 45 manada barabar bolýar” diýip, Marydaky habarçymyz belledi.

Lebabyň bazarlarynda bolsa, 30 däneden ybarat bir desse ýumurtga 33 manatdan we bir kilogram sygyr eti 55-60 manatdan satylýar.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz hasyl möwsüminde käbir gök-bakja önümleriniň, şol sanda almanyň, soganyň, käşiriň bahasynyň belli bir derejede üýtgäp durýandygyny bellediler.

“Bu önümler bazara köpräk çykarylsa, onda olaryň bahasy arzanlaýar, gytrak bolsa gymmatlaýar” diýip, paýtagtdaky habarçymyz aýtdy.

Ýatlatsak, 17-nji iýulda Balkandaky habarçymyz Türkmenbaşy şäherinde sygyr etiniň tas 50% we towuk ýumurtgasynyň 100%-e çenli gymmatlandygyny habar berdi.

“Otuz däneden ybarat bir desse ýumurtga 31 manatdan birden 52-67 manada gymmatlady. Bir kilogramy 55-60 manat aralygynda bahalanan sygyr etiniň bahasy hem 70 manada gymmatlady” diýip, habarçymyz aýtdy.

Gymmatlamanyň sebäbi barada resmi düşündiriş berilmese-de, söwdagärler diri sygyryň, öküziň, göläniň we ýumurtganyň lomaý satyn alyş bahalarynyň hem gymmatlandygyny, nyrhlary ýokarlandyrmasalar, zyýan çekjekdiklerini aýdypdylar.

Ýöne habarçylarymyz Türkmenbaşydaky gymmatlamanyň bu önümleriň lomaý satyn alyş bahalarynyň ýokarlanmagy bilen däl-de, häzirki wagtda dowam edýän dynç alyş möwsümi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belleýärler.

“Bu ýagdaý, ýylyň-ýylyna gaýtalanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly Marydaky habarçymyz aýtdy.

Türkmenbaşyda etiň we ýumurtganyň gymmatlandygy barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 18-nji iýulda habar berdi. Ýöne neşir gymmatlamanyň o diýen ýiti derejede bolmandygyny aýdyp, ýumurtganyň 30 manatdan 45 manada, sygyr etiniň 50-60 manatdan 60-70 manada ýokarlanandygyny belledi.

Türkmenbaşynyň düzüminde ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iýun aýynyň başynda dynç alyş möwsümi yglan edilýär. Bu ýerde dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň onlarçasy ýerleşýär we bularyň müňlerçe syýahatça hyzmat etmäge ukyplydygy aýdylýar.

Mundan başga-da, bu möwsümde türkmenistanlylaryň müňlerçesi Türkmenbaşyda kireýine jaý ýa-da otag alyp, deňziň kenarynda dynç alýar. Bu ýagdaýlar, şäheriň bazarlarynda alyjylaryň köpelip, söwdanyň janlanmagyna getirýär.

Geçen ýylyň iýulynda Azatlygyň habarçylary Türkmenbaşyda balygyň bahasynyň we taksi kireý nyrhlarynyň iki-üç esse gymmatlandygyny habar beripdiler. Şonda şäher ýaşaýjylary nyrhlaryň ýokarlanmagyna nägilelik bildirip, ýerli häkimiýetlere edýän şikaýatlarynyň oňyn netije bermeýändigini aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady
Maryda azyk önümleri ýene gymmatlady
Türkmenabatda azyk önümleri 100%-e çenli gymmatlady
Diňle: Maryda azyk önümleri ýene gymmatlady
Türkmenistanda alkogolly içgiler 20-30% gymmatlady
Litiý Ýeňil Emma Gymmat Bahalydyr