Aşgabatda Mary welaýatynyň suratkeşleriniň döredijilik sergisi dowam edýär

Aşgabatda Mary welaýatynyň suratkeşleriniň döredijilik sergisi dowam edýär

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilýän Mary welaýatynyň suratkeşleriniň işleriniň uly döredijilik sergisi dowam edýär.

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň eserleri görkezilýär. Olaryň arasynda:

• Myratgeldi Gurbangeldiýewiň Yazdursun; • Gurbangeldi Gurbanowyň Merwe gezelenç • Şöhrat Berdiýewiň Magtymguly daglary • Gülşirin Nutyýewanyň Halypa • Kössekmyrat Nurmyradowyň Seljuklar • Gurbandurdy Tirkişowyň Magtymguly ýatlama • Bazargeldi Gurbangeldiýewiň Merw şäherindäki parlament • Merdan Akmämmedowyň Arzuwlar • Merdan Çaryýewiň Jülge • Parahat Kerimowyň Bäş şaha ýaly eserleri bar.

Sergi 196-dan gowrak eseri öz içine alýar. Suratlar bilen bir hatarda sergide heýkeltaraşlyk kompozisiýalary hem görkezilýär. Her bir suratkeş öz eserlerinde beýik şahyryň taryhy döwrüni hem-de onuň häzirki döwre edýän täsirini beýan etmekligi maksat edinipdir.

Sergi 16-njy dekabrda açyldy we öz işini 25-nji dekabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
SÖZSÜZ SUNGATYŇ ÖWÜŞGÜNLERI
NAKGAŞLYK SUNGATYNYŇ USSATLARY
Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar
Türkmen nakgaşlary Aziada bagyşlanan döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar