17-nji maýda Aşgabatda açylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini gurmakda karelian känlerinden alnan 80 müň inedördül metr rus graniti ulanyldy. Bu barada Возрождение Туркменистан gurluşyk kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Petrowyň sözlerine salgylanyp, SNG.Today habar berdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, bu, esasan, onuň alynýan käniniň adyny göterýän Возрождение atly çal granitdir.
Hut şu at kompaniýamyzyň ady üçin hem saýlanylyp alyndy. Biziň taryhymyz şu känden başlandy diýip, Aleksandr Petrow belleýär.
Ýadygärligiň düýbi Kalguwaara käninden alnan gyzyl granitden, Kamenogorskaýa we Ala-Noskua känlerinden alnan gara granitden ýasaldy. A.Petrow şol granitleriň ýylyň dowamynda 100-e golaý demirýol wagonynda Türkmenistana getirilendigini aýtdy.
Çeşmede bellenilişi ýaly, ägirt uly taslama gysga wagtyň içinde türkmen we rus hünärmenleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyryldy.