Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, utgaşykly görnüşde geçirilen çärä Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Institutyň eýwanynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň duşuşygynyň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderine akyldar şahyryň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.
Magtymgulynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysy hem iki doganlyk halkyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.Täze neşir gyrgyz okyjylarynyň dana Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär.
Onda şahyryň belent adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýän onlarça goşgusy ýerleşdirilipdir. Çykyşlarda şahyryň goşgularynyň gyrgyz diline terjime edilmeginiň diňe bir Magtymguly Pyraga däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna bildirilýän uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigi nygtaldy diýip, çeşme belleýär.