Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy

Aşgabat şäherinde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum öz işine başlady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, forum ynanyşmak, özara hormat goýmak, düşünişmek we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk hem-de döwletara dialogyň görnüşini emele getirýän ählumumy gymmatlyklary maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boljakdygyny habar berýär.

Foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýetleriň uly düzümi aýratyn ünsi çekýär. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri bar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem foruma gatnaşyjylaryň hataryndadyr.

Foruma başga-da birnäçe ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, GDA-nyň Baş sekretary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary hem-de TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary gatnaşýarlar.

ÝUNESKO, ŞHG, YHG guramalarynyň, Hytaý, BAE, Oman Soltanlygy, Saud Arabystany, Bahreýn Patyşalygy ýaly birnäçe ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de “Fransiýa Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy hem wekiliýetiň düzümindedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Dana şahyryň döredijilik taglymaty
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
TÜRKMEN TANSÇYLARYNYŇ ÜSTÜNLIGI