Aşgabatda Mämmet Guseýnowyň iň gowy eserleri ýaňlanar

24-nji ýanwarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda döwürdeşimiz, russiýaly tanymal kompozitor Mämmet Guseýnowyň eserlerinden düzülen konsert bolar.Aşgabatda doglan Mämmet Guseýnow Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk kollejiniň fortepiano bölümini we Moskwadaky Gnesinler adyndaky Russiýa sazçylyk akademiýasynyň kompozisiýa fakultetini tamamlady, ol bütinrussiýa hem-de halkara bäsleşikleriniň laureatydyr.

Kompozitor Mämmet Guseýnow dürli žanrlarda üstünlikli işleýär: operalary, simfoniki we kamera eserlerini döredýär, aýdymlardyr romanslary, şeýle hem spektakllara saz ýazýar.Onuň eserleri owazlarynyň duýgy çeperligi, keşpleriň göwrümliligi we frazalarynyň metafora baýlygy, kantilen owazy we gündogar röwüşleri bilen saýry gelýär.

Mämmet sazçylyk jemgyýeti köpçiliginiň arasynda Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy türkmen nusgawy sazlarynyň Moskwa halkara festiwalyny geçirmek pikiriniň awtory we onuň art-direktory hökmünde tanymaldyr.Türkmen aýdym-saz muşdaklary üçin Mämmet Guseýnowyň "Alma", "Meniň topragym", " Türkmen rapsodiýaşy","Parfiýa freskalary" we beýleki romanslary, fortepiano, kirişli saz gurallary üçin eserleri ýaňlanar, olary zehinli aýdymçy-sazandalar: Bahar Annadurdyýewa (fortepiano), Bahar Durdyýewa (wokal), Bahram Dolyýew (skripka), Tahyr Ataýew (alt), Şirhan Batyrow (klarnet), şeýle hem T.

Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri ýerine ýetirerler.Myhmanlar üçin milli aýdym-saz mekdebiniň zehinli wekilleriniň ýerine ýetirmeginde dürli röwüşli saz eserleri ýaňlanar.Konsert sagat 18-de başlanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly sazandalar Dutaryň owazy gözden geçirilişiniň baýragyna mynasyp boldular
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bir konsertde ussat sazandalaryň üçüsi çykyş ederler
Türkmenistanda iň edermen alabaý saýlanyldy, Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi köpçülige ýetirildi, Aşgabatda Saz, ruh, kino! atly konsert geçiriler
Kompozitor Mämmet Guseýnow türkmen halkyna Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi
Dutaryň owazy aýdym-saz festiwalynyň taslama ideýasynyň awtory Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi