Aşgabatda lift näsazlygy zerarly göwreli gelin öldi

20-nji ýanwarda Aşgabadyň Parahat 4/1 etrapçasyndaky 2-nji jaýda liftdäki näsazlyk zerarly bir gelin heläk boldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýär.

Ol gelin bazar güni çagasy bilen şol jaýyň 5-nji gatynda aýaşaýan ejesiniň öýüne myhmançylyga gelipdir. Agşama golaý olar üç bolup lift arakaly aşak düşmekçi bolanlarynda, lift birden ýokarlygyna gidipdir. Gelniň ejesi liftden düşmäge ýetişipdir, gelin ogluny itekläpdir, emma özi çykyp ýetişmändir. Ol lift bilen petigiň arasynda galypdyr.

Heläk bolan gelniň 28 ýaşyndadygy we sekiz aýlyk göwreli bolandygy aýdylýar.

Liftleriň näsazlygy mahalynda howpsuzlyk ulgamlarynyň herekete gelmegi nazarda tutulsa-da, işlemändir.

Heläkçiligiň bolan jaýynyň ýaşaýjylary ýygy-ýygydan öçýän, gatlaryň aralygynda togtaýan, kabina ýaplanaňda tok urýan liftiň ýagdaýy hakynda ençeme gezek şikaýt edipdirler. Emma öý edarasy-da, “Aşgabatlift” döwlet kärhanasy hem bu şikaýatlara baş galdyrmandyr.

Wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleri, öý edarasynyň we “Aşgabatliftiň” wekilleri gelipdir. Jenaýat işi gozgalypdyr.

“Aşgabatliftiň” işgäriniň sözlerine görä, paýtagtdaky liftleriň aglabasy eýýäm 20-30 ýyl bäri çalşyrylmazdan we düýpli bejerilmezden işleýär.Kärhanada pulam, tehniki hünärmenler-de, göteriji enjamy bejermek üçin ätiýaç şaýlary hem ýok, öňüni alyş çäreleri barada gürrüňem etmeli däl.

Liftleriň içi irden tämizleýji aýallar tarapyndan arassalanylýar.Olar döwük-ýenjik ýa-da liftlariň kabinalarynyň aralykda togtamagy bilen bagly adatdan daşary çakylyk ýagdaýlarynda mehanikleriň wezipesini ýerine ýetirýärler.Olara bu ugurda hiç bir tehniki bilim berilmeýär.

Olaryň aýlyk haklary 1000 manada ýakyn.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Liftleri bejermegiň ýerine ýaşaýjylara töwella gelýärler
Türkmenistanyň jemagat hojalygy gullugynyň işgärlerine artykmaç iş sagady üçin hak tölenmeýär
Braziliýada Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy