Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy

Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Lebap welaýat suratkeşleriniň toparlaýyn sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Bu sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Myrat Baltabaýew, Kamil Weliahmedow, Rustam Abdullaýew, Rahman Umarow, Ahmet Hallyýew, Hemra Allaşükürow, Şerif Hemraýew, Oguljeren Babaýewa, Babamyrat Muhammedow, Şemşat Mämmedowa, Nureddin Nizaýew, Dilaram Hojainowa, Rustam Kurbanow, Gyzylgül Hudaýberdiýewa şeýle hem höwesjeň suratkeşler Hamida Nabiýewa, Oguljan Durdyýewa, Aýlar Hudaýberdiýewa ýaly halypa we zehinli suratkeşleriň 260-dan gowrak, nakgaş, grafika, heýkel we amaly-haşam sungat eserleri halk köpçüligine hödürlenildi.

Eserleriň mowzugy giň gerimli bolup, olarda eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny, ahalteke bedewlerimizi, şöhratly taryhymyzy, asuda parahat ýurdumyzy, gündelik durmuşymyzy beýan edýän eserler çeperçilik aýratynlygy boýunça suratlandyrylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalasy Rustam Abdullaýewiň amaly-haşam sungatyna degişli naýbaşy eserlerinden Jüneýt han, Arzuwçyl oglan, Japbaklar, Dynç alyş wagty, Garpyzly natýumort, Gyşyň miwesi, Garry gyz gawuny ýaly eserleri mowuk taýdan biri-birinden tapawutlanýan bolsa, suratkeş Oguljeren Babaýewanyň Bilbil aýdym aýdanda, Balkan gelinleri, Ene, Suw perileri, Çagalyk aýdym sungat eserleri many taýdan meňzeş mazmun taýdan öwüşgünli eserleri bar bolsa, suratkeş Merdan Öwezowyň Ýaryş, Akpamyk, Görüm görelde, Ýaşulylar, Asman atlary, Üsti bedewiň ýaly nakgaşçylyk eserleri dabara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Bu serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň başlygy ýaş suratkeş Rustam Abdullaýewyň 110-dan gowrak nakgaşçylyk eserlerinden ybarat bolan şahsy döredijilik sergisi hem görkezildi. Bu döredijilik sergisi öz işini on gün dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Bedew waspy
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Aý-ýyldyzly” garpyz
Garpyz şekilli gurçuk