Aşgabatda kosmonawtlaryň gününde Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar

Aşgabatda kosmonawtlaryň gününde Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar

12-nji aprelde Aşgabatda Halkara awiasiýa we kosmonawtlar güni mynasybetli Russiýanyň ilçihanasynyň çägindäki Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar. Bu barada Россотрудничество-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy sosial sahypalarynda habar berdi.

Habarda: 12-nji aprelde 11:30-da Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çägindäki (Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, Aşgabat seýilgähiniň gapdaly) Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýlar diýilýär.

Çärä gatnaşmak boýunça habarlaşmak üçin: (+993 64) 53 50 25 ýa-da e-poçta: otdel_tm@mail.ru.

Ýadyňyzda bolsa, 2021-nji ýylyň 30-njy aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çäginde ilkinji kosmonawt, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Ýuriý Gagariniň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bürünç heýkel heýkeltaraş Alekseý Leonow tarapyndan döredilip, ol Medeniýet gepleşikleri: bir dünýä atly Halkara haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi. Gazna 2011-nji ýyldan bäri dünýäniň onlarça ýurdunda Ýuriý Gagarine bagyşlanan heýkeltaraşlyk kompozisiýalaryny oturtmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Italiýada, Fransiýada, Bolgariýada, Germaniýada, ABŞ-da, Hindistanda, Hytaýda, Çehiýada we beýleki ýurtlarda ilkinji kosmonawtyň ýadygärlikleri bar.

Binagärlik dizaýny we granit işleri Russiýanyň gurluşyk kompaniýasy bolan Wozrojdeniýa kompaniýasynyň wekilhanasy tarapyndan üpjün edildi.

2023-nji ýylda Vostok kysymly kosmos gämisiniň orbita çykanyna 62 ýyl bolýar. Ýuriý Gagarin Ýeriň orbitasynda 108 minutlyk uçuşdan soň Saratow sebitine üstünlikli gondy.

Ýene degişli makalalar

Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Sur Ýary festiwalyna gatnaşdy
Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeli açyldy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Kazankow Týumen bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanly talyp rus dili boýunça geçirilen halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy