Aşgabatda Koreýanyň ONDO toparynyň konserti bolar

Aşgabatda Koreýanyň ONDO toparynyň konserti bolar

Koreýa Medeniýet hepdeliginiň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda aýdym-saz konserti bolar. 3-nji noýabrda — anna güni boljak konsert sagat 19:00-da başlar. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Koreýa Respublikasynyň ONDO (aýdymçy Çongseul) topary meşhur K-Pop aýdymlary bilen birlikde, dürli koreý aýdymlaryny ýerine ýetirer. Giriş mugt (käbir VIP ýerlerden başga).

Ozal Seulda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisinde 1-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa we Russiýa hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
Yrakdaky we Siriýadaky Operasiýalardan Şehit Habary Geldi
Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Wolkanowski Koreý Zombisini ýeňip, UFC-niň çempiony titulyny gorady