Aşgabatda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka geçiriler

Aşgabatda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurtda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer sergi-ýarmarkada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriniň, okuw esbaplarynyň, elektron harytlarynyň hödürleniljekdigini aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurtda sergi-ýarmarka işini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we bu halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 24-25-nji maýynda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar
Aşgabatda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergi öz işine başlady
Göreldeli bilim merkezi abraýly franşizalara kabul edişlik yglan edýär