Geçen hepde Mir-1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8 etrapçalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň howlularyna barýan awtomobil ýollaryny doly petiklemäge başladylar.
Beton böwetler, uly bir etrapda bir ýa iki girelge goýmak bilen, hemme girelgede diýen ýaly goýulýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýär.
Ýollarda goýlan beton böwetler zerarly “Tiz kömek” maşynlary hem çagyrylan jaýlaryna baryp bilmän, geçer ýaly açyk goýlan girelge gözläp, esli aralyga aýlanmaga mejbur bolýarlar.
Girelgeleriň käbirinde birki sany geçeri bolan beton diwarlary goýýarlar, olardan welosipedçiler, çaga arabajygy bilen eneler, maýyp arabasy bilen gelen adamlar geçip bilýärler.
Emma böwetleri köplenç bütewi, geçip bolmaz ýaly edip goýýarlar. Etrapçalaryň ýaşaýjylarynyň çaklamalryna görä, bu “täzelik” ýaşaýajylaryň jaýlaryň ýanynda maşyn goýmaklarynyň öňüni almak üçin girizilýär.
Mundan ozal polisiýa maşynlary günde-günaşa howlulara aýlanyp, megafonda gygyryp, köçede goýlan maşynlaryň awtoduralgalara äkidilmegini talap ederdi. Mundanam başga, ýaşaýyş jaý edarasy bildiriş ýelmäp, howlularda goýlan maşynlar üçin olaryň eýelerine jerime salynjakdygyny duýdurdy.
Emma geçelgeleriň ýapylmagyndan häzirlikçe netije ýok, howlulardaky maşynlar azalmady diýip, TH-nyň habarçylary ýazýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary Mir/Parahat etrapçalaryndaky ýollary petiklemek işi tamam bolanyndan soň, şäheriň beýleki ýerleinde hem beton böwetleriniň oturdylyp başlanmagyndan howatyr edýärler.
Ýatladýarys, türkmenistanyň häkimiýetleri 2017-nji ýylyň tomsundan bäri awtoulaglaryň ýöriteleşdirilend duralgalardan başga ýerde goýulmagyny gadagan edýärler.Polisiýa bu düzgüni bozanlaryň awtoulaglaryny goýlan ýerlerinden jerime duralgalaryna alyp gidýär ýa-da nädogry park edilen maşynlaryň döwlet belgilerini gparyp gidýär.
Emma muňa garamazdan, maşyn eýeleriniň köpüsi öz ulagyny ýaşaýan jaýynyň ýanynda goýanyny gowy görýär.Olaryň köpüsi maşyny golýada goýmagyň hem amatly, hem ynamdar bolýandygyny, gyssanan wagtyňda bolsa, arzan düşýändigini aýdýarlar.