Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

Aşgabatda Gazagystanyň KMG Drilling and Services kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Ol Türkmenistanda Çeleken ýatagynda burawlaýyş işleri bilen baglanyşykly işleri dowam etdirer. Bu barada Gazagystanyň milli nebit kompaniýasy "KazMunayGaz"-yň metbugat gullugynyň habaryna salgylanyp nCa habar berýär.

Burawlaýyş işleri Gazagystanda gurlan ilkinji deňiz özi ýokarlanýan ýüzüji burawlaýyş desgasy (SPBU) Satti tarapyndan amala aşyrylar. Bu desganyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylandygy bellenilýär.

KMG Drilling & Services HJ - "KazMunayGaz"-yň golçur kompaniýasy bolup, Hazaryň gazak böleginde burawlamak hyzmatlarynyň esasy üpjün edijisidir we ilkinji deňiz burawlaýyş desgasy (SPBU) Satti-niň eýesidir. Kompaniýa 2008-nji ýylda esaslandyryldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde "KazMunayGaz" milli kompaniýasy bilen "Türkmennebit" döwlet konserni Hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler. Ähtnama boýunça işler nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen we iki tarap üçin hem täze mümkinçilikleri açýar diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Apple MacBook-y özbaşdak bejermek üçin ähli zerur zatlary hödürläp başlady
Alžir, Nigeriýa we Niger Transsahara gaz geçirijisiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar