Aşgabatda Kataryň Milli gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Aşgabatda Kataryň Milli gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Katar döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasy Kataryň Milli gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi.

14-nji dekabrda bolan dabara Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri K.Gurbanow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Dabarada Katar döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Hamad bin Raşid Al Azbi giňişleýin mazmunda çykyş etdi.

— Ýurtlarymyzyň arasynda has üstünlikli hyzmatdaşlyga we doganlyk gatnaşyklarymyzy strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmaga umyt edýäris — diýip, ilçi belledi.

Ilçi Katar döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny, esasan hem Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baştutanlygynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we sport ugurlarynda aýratyn häsiýete eýedigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy