Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Kalp tary atly täze oýun sahnalaşyryldy. Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli täze sahna eseri Mämmetgurban Mämmetgurbanow bilen Söhbet Serbazowyň rus dilinde ýazan pýesasy esasynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň türkmen diline terjime etmegi, şeýle-de oýna režissýorlyk etmegi bilen sahnalaşdyryldy.
Sahna eserinde Nury Halmämmedowyň ömür döredijiligi açylyp görkezilýär. Onuň bile işleşen adamlary, oba durmuşy, şol sanda döreden sazlary, olaryň çeperçiligi açylyp görkezilýär.
— Nury Halmämmedow bilen men talyplyk ýyllarym tanyşdym.Onuň bilen birnäçe ýyl bile işleşmek miýesser etdi.Nury Halmämmedow iň bir uly kompozitorlaryň biri.Onuň Moskwanyň döwlet arhiwinde 100 sagatlyk sazlar ýygyndysy saklanýar.
Ol dürli žanrda ajaýyp saz eserlerini döretdi, şonuň bilen birlikde dokuz sany çeper filmlere, şeýle-de dokumental filmlere, multfilmlere hem birnäçe sazlary döretdi.Kalp tary atly täze sahna eserimiziň esasy maksady Nury Halmämmedowyň ussatlygyny, onuň dünýä meşhurlygyny açyp görkezmekden ybarat boldy.
Sözümiň şu ýerinde bir zady belläp geçsem, Nury Halmämmedow dünýä belli şahyr Ýeseniniň goşgularynyň birnäçesine hem romanslary ýazdy. Başga milletiň romansyny ýazmak her kime başardýan zat däl. Onuň döreden romanslary dünýäniň birnäçe ýurdunda uly meşhurlyga eýe boldy.
Nurynyň kompozitor bolup ýetişmeginde enesiniň atasynyň uly ornunyň bardygyny nygtamak isleýärin.Onuň atasy Baýly aga öz döwründe sazanda bolan.Enesi Artyk eje hem halk döredijiliginde baş çykarýan zenan bolupdyr.
Onuň özboluşly ýerine ýetirýän hüwdüdir läleleri obadaşlarynda uly gyzyklanma döredipdir. Ýene-de bir zat Nury islendik saz döredende tebigatda üzňe döretmändir.Ol baglardan, dagdyr jülgelerdäki eşidilýän tebigy seslerden hem özboluşly owaz almagy başarypdyr. Şeýle-de ol öz ýaşan döwründäki gören, eşiden zatlaryny sazyň üsti bilen beýan edipdir.
Nurynyň döreden sazlaryny üns berip diňleseň, onuň terjimehalyny öwrenmek bolýar. Çünki Nury öz terjimehalyny döreden sazlaryna geçirmegi başarypdyr.
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli sahnalaşdyran täze oýnumyz ýurdumyzda 27-28-nji oktýabrda geçiriljek Mukama siňen ömür atly festiwala özboluşly sowgat boldy. Sahna eseriniň tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boljakdygyna ynanýarys. Sebäbi onda gyzykly wakalar, täsirli başdan geçirmeler, şol sanda şirin mukamlar ýaňlanýar — diýip, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow gürrüň berdi.
Täze sahna eserinde Nury Halmämmedowyň 10 — 12 ýaş döwründäki keşbinde Süleýman Gurbanow, 15 ýaş, şeýle-de 30 — 45 ýaşlaryndaky döwründe Perhat Sallandyýew, Gurbannazar Ezizowyň keşbinde Süleýman Eminow, Öwülýäguly Kulyýewiň keşbinde Hudaýberdi Annarejepow, Atageldi Garýagdyýewiň keşbinde Şirgeldi Saparow, Nury Halmämmedowyň ejesi Hangüliň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artist Baýramtäç Hojamämmedowa, ussat kompozitoryň obadaşlary Durdymyrat aganyň keşbinde Söhbet Täçmämmedow, Tagandurdy aganyň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Alty Sallandyýew, Nurynyň 10-12 ýaş döwründäki çagalyk dostlary Döwranyň keşbinde Salyh Berdiýew, Merdanyň keşbinde bolsa Gurban Gurbanow, kompozitoryň obadaş gyzlary Dilberiň keşbinde Aýsenem Nazarowa, Aýlaryň keşbinde Leýla Rüstemowa çykyş edýär.
Nury Halmämmedowa fortepianoda ilkinji gezek saz çalmagy öwreden mugallymy Olga Aleksandrowna Kriwçenkonyň keşbinde Jennet Horasanlyýewa, konserwatoriýadaky mugallymy Aleksandr Nikolaýewiç Aleksandrowyň keşbinde Allaberdi Öwezow, Aram Ilýiç Haçaturýanyň keşbinde Döwran Hojageldiýew, uzyn talybyň keşbinde Azat Garahanow, gyzgajyk talybyň keşbinde bolsa Serdar Bäşimow, şeýle-de alypbaryjy gyzyň keşbinde bolsa Şeýda Gurbanowa çykyş edýär.
Kalp tary sahna eseriniň sahna bezegini Mekan Annamyradow, saz bezegini Bilbil Mämmedow bilen Mämmet Hydyrow, yşyk bezegini bolsa Jeýhun Ataýew ýerine ýetiripdir.