Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly bina açyldy

Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly bina açyldy

Aşgabat şäherinde “Kalbyň şypasy” atly binanyň hem-de durky täzelenen 1970-nji köçäniň açylyş dabarasy boldy. Şaýol derejesi berlen bu köçe indi meşhur german kardiohirurg lukmany Hans Maýsneriň adyny göterer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Medeniýet işgärleriniň ýurtda durmuşa geçirilýän iri özgertmeleri wasp edýän çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşgünini çaýdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda professor Hans Maýsneriň goşan uly goşandyny belledi.

Professor Hans Maýsner öz gezeginde bildirilen hormat üçin hoşallyk bildirip, şaýoluň açylmagynyň lukmançylyk işgärleriniň hünär baýramy bilen gabat gelmeginiň örän ýakymlydygyny belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm orny eýelän türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan täze lukmançylyk merkezleriniň möhüm ähmiýetini nygtady.

Dabaranyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Hans Maýsner şaýoluň täze at berlen ýazgysynyň örtügini açdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň şaýollarynyň birine professor Hans Maýsneriň ady dakyldy
Professor Hans Maýsnerden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi
“Mançester Siti” toparyna ne döw çaldy?
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Uly klublaryň kiçi hasaply ýeňişleri
Zenanlaryň arasynda “Altyn top” baýragynyň ýeňijisi üýtgemedi