Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň tölegini täze nesil bank kartlary arkaly geçirmek mümkindir

Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň tölegini täze nesil bank kartlary arkaly geçirmek mümkindir

Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynda syýahat üçin tölegleri Halkbank PTB-niň täze nesil bank kartlary arkaly geçirmek mümkindir.

Bu mümkinçilik ähli şäheriçi awtobuslarynda elýeterlidir. Syýahat üçin tölegleri mikroprosessor (çip) oturdylan, galtaşyksyz interfeýsli (NFC) plastik bank kartlaryndan alynýar.

Ýolagçylara töleg geçirmek üçin olary awtobuslaryň girelgesindäki tutawaçda berkidilen walidatorlara degirmek ýeterlikdir.

Halkbank PTB hödürleýän hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda barýar, galtaşyksyz töleg ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tejribesi hem muňa mysal bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Näme üçin Türkiýe indiki syýahatyňyz üçin iň göwnejaý ýer?
Baýramçylygyň öň ýany, içerki gatnawlara agram düşýär, sebitara hereket başagaýlyga sezewar bolýar
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Ýolagçy sany 4 milliarddan geçer
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Iň uzak otly syýahaty ýola goýlar