Aşgabatda jaýlarynyň öňündäki oturgyçlar aýrylýar, ilatdan daşarda oturmazlyk talap edilýär

Aşgabatda jaýlarynyň öňündäki oturgyçlar aýrylýar, ilatdan daşarda oturmazlyk talap edilýär

Türkmen häkimiýetleri şäher ýaşaýjylarynyň daşary çykmagyna we köçede wagt geçirmegine gözegçiligini artdyrmagyny dowam etdirýär. Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ilaty howlularda we girelgeleriň öňünde öňden bäri bar bolan oturgyçlaryň aýrylýandygyny bilip galdy. Soňky günler paýtagtyň dürli böleklerinde oturgyçlaryň birden aýrylmagynyň sebäplerine häkimiýetler tarapyndan anyk düşündiriş berilmedi.

Paýtagtyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki skameýka-uzyn oturgyçlarynyň ýok edilmeginiň soňky günlerde köp ýerde göze ilýändigini Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji fewralda gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň umumy howlularynda we jaýlaryň girelgelerinde duran skameýkalar jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan sökülýär we ýerli ýaşaýjylaryň garşylygyna garamazdan, jaý dolandyryş müdirliklerine degişli awtoulaglara ýüklenip, äkidilýär.

Oturgyçlary söküp, alyp gidýän käbir işçiler munuň sebäbini bilmeýändigini aýtsalar, beýlekiler şäheri abadanlaşdyrmak çäreleri bilen baglydygyny öňe sürýärler.

Emma beýle jogap ýerli ýaşaýjylary kanagatlandyrmaýar.

"Häkimiýetler adamlara gözegçiligini güýçlendirýär, olaryň daşarda jemlenip, oturmazlygyny isleýär we gündeki durmuşyna goşulýar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen aşgabatlylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.

Aşgabadyň köpgatly jaýlarynyň howlularyndaky skameýka-oturgyçlarynda ýerli ýaşaýjylar dynç alýarlar. Köplenç çagaly zenanlary, garrylary, gepleşip oturan ýa-da küşt oýnaýan adamlary görse bolýar.

Paýtagtyň jemagat gulluklarynyň wekilleri bilen gürleşen habarçymyzyň sözlerine görä, skameýkalar paýtagt häkiminiň soňky görkezmesine görä aýrylýar. Anonim gürleşen çeşmeleriň biri oturgyçlaryň aýrylmagynyň sebäbiniň dogrudanam adamlaryň üýşmeginiň öňüni almak maksady bilen baglydygyny aýtdy.

"Ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda goňşular köpçülik bolup oturýarlar, söhbetdeşlik guraýarlar. Adamlar oturmaz ýaly, köpçülikleýin üýşmeleňler döremez ýaly daşardaky skameýkalary aýyrmak tabşyryldy. Şonuň üçin olar sökülýär" diýip, habarçymyz jemagat gullugynyň işgärini sitirleýär.

Aşgabadyň häkimiýetleri şäheri abadanlaşdyrmak maksady bilen mundan öňem dürli çäreleriň ençemesini geçirip gelýär.

Soňky gezek paýtagtyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda ýerli ýaşaýjylaryň üýşýän ýerlerindäki oturgyçlar, stollar göni üç ýyl mundan ozal

Şu günler paýtagtyň gür ilatly köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda skameýkalardan başga-da, daşarda nahar we çişlik bişirmek üçin niýetlenen ojaklar we mangallar, şeýle hojalykda ulanylýan we daşarda goýlan beýleki zatlar hem awtoulaglara ýüklenip, näbelli ýere alnyp gidilýär.

Ýaşaýjylary uly alada goýýan meseleleriň biri daşarda ýuwlan egin-eşikleri guratmak üçin ýüpleriň we beýleki enjamlaryň sökülmeginden ybarat. Köpçülik ýuwlan eşiklerini jaýlaryň howlularynda, aýnalarynyň daşynda we balkonlarynda guradýarlar.

Bu aralykda Aşgabadyň golaýyndaky oba ýerlerinde ýaşaýjylar öz hususy jaýlarynyň howlularyndaky tamdyrlaryň hem häkimiýetleriň tabşyrygy boýunça ýumrulýandygyny gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar dogrusynda Aşgabadyň häkimiýetlerinden resmi taýdan maglumat we düşündiriş alyp bilmedi.

Paýtagtdaky soňky çäreler ýurt häkimiýetleriniň ilata gözegçiligi güýçlendiren wagtyna gabat geldi. 9-njy fewralda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň agşamlaryna köçä çykmagynyň çäklendirilýändigini, polisiýasy şäher ilatyndan agşam sagat 21:00-dan soň daşary köçä çykmazlygy talap edýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Parahorluk kim üçin gowy ýa-da näme üçin görmezlige salynýar?
Balykçylar deňizden kowulýar, bazarda esgerleriň tutan balyklary satylýar - çeşme
Ulaglary ada geçirmek, guratlyk barlagy gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi
Ýaşaýjylar diş lukmanlarynyň gödekliginden şikaýat edýär