Aşgabatda jaýlaryň üçeklerini ýaşyla boýamak talap edilýär

Aşgabatda jaýlaryň üçeklerini ýaşyla boýamak talap edilýär

Aşgabat şäheriniň etegindäki Köşi, Hitrowka, Çoganly atlandyrylýan böleklerinde bar bolan hususy jaýlaryň üçeklerini gyzyl ýa ýaşyl reňke boýamak indi köp ýyllardan bäri ýaşaýjylardan talap edilip gelinýär.

Soňky 4-5 ýyldan bäri paýtagtyň töweregindäki obalaryň jaýlarynyň üçeklerini ýaşyl reňke boýamak talap edilýän bolsa, indi Aşgabatdan 30 kilometr gündogaryndaky Gäwersiň jaýlarynyň üçeklerini-de ýaşyla boýamak buýrugy berlipdir.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Bu talapyň maşgala eklenjine agram salýandygyny, şeýle boýamaga degişli üçekleriň hatda ýykylmaga degişli jaýlar üçinem talap edilýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.Jaýyň göwrümne görä, üçekleri ýaşyl reňke boýamaklyk bir müň manada çenli baryp ýetýär.

Reňkleriň hem bahalary gymmat. Öz öýüňde bu işi oňarjak erkek kişiň ýok bolsa, üçek reňkletmek üçin hakyna işçi tutmaly. “Adamlaryň işsiz ýa bolmasa ujypsyz aýlyk bilen maşgala eklemeli bolýan wagtynda bu çykdajylar maşgala juda agram salýar” diýip, Hemra aga aýdýar.

Pensioner Hemra aganyň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň bu talaby juda ýerliksiz bolup, dürli reňkdäki üçekleriň ählisiniň ýaşyla boýalmagy olary görke getirmän, eýsem görküni gaçyrýar. “Dükandan satyn alynýan reňkleriň her gaby bir hili çykýar; biri açyk ýaşyl bolsa, beýlekisi goýy ýaşyl, üçünji birisi has gara ýaşyl bolmak bilen, jaýlaryň üçeklerine çalynanda, olaryň reňkleri dürli-dürli bolup, ýanaşyk jaýlar alabeder bolup, daşyndan seredeniňde göwnüňi çökerýär” diýip, ol sözüne goşýar.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Türkmen häkimiýetleri häli-şindi ilaty ynjalykdan aýyrýan bir çäre çykarýarlar. Ilatda närazyçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriň biri, bu gün-erte ýykylmaga degişli jaýlaryň hem üçeklerini reňklemäge mejbur edýärler. “Talaba boýun bolmasaň, gazyňy kesmek ýa toguňy kesmek ýaly çäreleri ulanjakdyklaryny aýdyp haýbat atýarlar” diýip, Köşi obasyndan bir ýaşaýjy aýdýar.

Ýene degişli makalalar

COVID çäklendirmelerine garamazdan, Berdimuhamedowyň garyndaşlary bilen ilteşikli kafe, restoranlar işlemegini dowam edýärler
Aşgabatda hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin protestler 27 ýaşady
Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär
Möhüm seneleriň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary Aşgabatdan kowulýar
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Maryda we Aşgabatda ýylylyk üpjünçiligi mesele bolmagynda galýar