Aşgabatda “Jahan” döredijilik merkezi açyldy

Aşgabatda “Jahan” döredijilik merkezi açyldy

Paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen “Jahan” döredijilik merkezi açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar.Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi.

Bulardan başga-da, “Jahan” merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.Açylyş dabarasy sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy.Konsertde Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyna we sazlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy.Olaryň hatarynda meşhur bolan “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlar bar. Şol aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew hem-de ýurdumyzyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow ýerine ýetirdiler. “Dokmaçylar” döredijilik topary, “Meňli”, “Serpaý”, “Laçyn” tans toparlary aýdymçylara baýramçylyk ruhuny götermäge ýardam etdiler.

Ýene degişli makalalar

30.10.2020 | Jahan döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy
Aşgabatda medeniýet ulgamynyň täze binasy işe girizildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
30.10.2020 | Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär