Aşgabatda IV Halkara teatr festiwaly geçiriler

Aşgabatda IV Halkara teatr festiwaly geçiriler

Aşgabatda 14 — 16-njy noýabr aralygynda IV Halkara teatr festiwaly geçiriler. G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry oňa gatnaşjakdygyny eýýäm tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň Metbugat gullugy habar berýär diýip, Orient ýazýar.

Aşgabatda III Halkara festiwalyň 4 ýyl ozal, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilendigini bellemelidiris. Oňa ABŞ, Russiýa, Estoniýa, Türkiýe, Eýran ýaly 12 ýurtdan döredijilik toparlary gatnaşdy. Halkara festiwalyň çäginde paýtagtyň teatrlarynda daşary ýurtly artistleriň ussatlyk sapaklary geçirildi we çykyşlar guraldy.

Festiwal milli teatr sungatyny ösdürmegi, halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmagy we Türkmenistanyň dünýäniň teatr giňişligindäki abraýyny artdyrmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
Mekdep okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi temasynda surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi
Mergen Orazow: Şabab Al-Ahli bilen bolan duşuşykda kemçiliklerimizi gördük
Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medal gazandylar
Türkmen diplomaty Dragon Oil-iň täze nyşanynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy