Aşgabatda ITTC-2024 halkara forumy öz işine başlady

Aşgabatda ITTC-2024 halkara forumy öz işine başlady

26-njy noýabrda Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp geçirilýän Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024 (ITTC-2024) atly halkara maslahat öz işine başlady.

Forumyň plenar mejlisi halkara guramalaryň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemläp, onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew giriş sözi bilen çykyş etdi.

Gtanaşyjylaryň arasynda BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Jan Todt, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň hem-de Rumyniýanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylary bar.

Halkara maslahatyň birinji gününiň maksatnamasy şu iki esasy ugra gönükdirildi: ulag geçelgelerini ösdürmek we durnukly ulagy maliýeleşdirmegiň innowasion mehanizmlerini gözlemek.Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar dürli ulag ulgamlaryny we maýa goýum strategiýalaryny netijeli utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle-de ulag pudagynda aýal-gyzlara bagyşlanan sessiýa çäräniň aýratyn bölegi bolar. Onda bilermenler üstünlikli zähmet ýollary barada gürrüň bererler we öz içine alyjy korporatiw medeniýeti ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Halkara maslahat 27-nji noýabrda öz işini tamamlar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy
Raşid Meredow Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy
Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
IRU Türkmenistanyň transport başlangyçlaryny goldaýar
Milli Liderimiziň amala aşyrýan açyk gapylar syýasatyna eýerip
Türkmenistan bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarly