Aşgabatda ITC 2023 atly halkara maslahat we sergi geçiriler

Aşgabatda ITC 2023 atly halkara maslahat we sergi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 3-4-nji maýda “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITC 2023) atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Bu barada “News Central Asia” habarlar gullugy duşenbe güni mälim etdi.

Maslahatyň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda täze hakykatlara uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek ýaly meseleler hem-de awtoulag ýollary, halkara deňiz portlary, howa we demirýol menzilleri ýaly ulag toplumlarynda infrastruktura mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

ITC 2023 halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Turkmen Forum” HJ bilen hyzmatdaşlygynda gurnalýar.

Her ýyl geçirilýän bu çäre milli ulag kärhanalaryň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, türkmen döwlet edaralary bilen iri logistika institutlaryň, şeýle hem ulag we logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Maslahatlaşyljak mowzuklar:

ITC 2023 halkara maslahatynyň gün tertibi boýunça maslahat we sergi bilen bir hatarda Ähtnama we şertnamalara gol çekmek dabarasy, seminarlar, şeýle hem iki sany tegelek stol geçiriler. Bu ýerde içerki we daşary ýurtly hünärmenler ulag we logistika pudagynda häzirki zaman tehnologiki çözgütleri hödürlärler, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziline, Türkmenawtobana, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görerler.

Maslahata türkmen hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Bu çärä gatnaşyjylaryň hataryna “Vitol”, “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Car Deluxe” ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri, Halkara howa ulagy assosiasiýasy (IATA), Halkara gämi palatasy (ICS), Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) we USAID Merkezi Aziýa guramasy girýär.

Maslahatyň çäginde “Ulag we logistika” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem gurnalar.

Bu sergä ulag we logistika kompaniýalary, ulag öndürijiler we dilerler, logistika merkezlerini enjamlaşdyrmak üçin enjamlar bilen üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, GDA we uzak ýurtlaryň deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Halkara ulag maslahaty we sergisi başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady
Aşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara...
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady
АШХАБАД СОЗЫВАЕТ МЕЖДУНАРОДНЫЙ ФОРУМ ПО ТРАНСПОРТНО-ТРАНЗИТНЫМ КОРИДОРАМ
"SpaceX", "Alibaba" we "Boeing" Aşgabatda geçiriljek transport maslahatyna gatnaşarlar