Aşgabatda italýan baş-aşpezlerinden ussatlygy sapagy geçirildi

Aşgabatda italýan baş-aşpezlerinden ussatlygy sapagy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzyň Dante restoranynda meşhur italýan aşpezlerinden ussatlyk sapagy geçirildi.

Bu çäre Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, ol 18-24-nji noýabr aralygynda bütin dünýäde geçirilýän IX Italýan aşhanasynyň hepdeliginiň çäklerinde Kökleriň aşhanasy atly tema bagyşlandy.

Aşgabatda Italýan aşhanasynyň günlerini gyzykly geçirmek üçin, ýurdumyza Italiýanyň üç meşhur aşpezi ýörite iş sapary bilen geldi: olar Anna Mariýa Palma, Andrea Palmiýeri we Marko De Wita.

Italýan aşhanasyna ýöriteleşen hem-de rahat dynç almaga ähli şertler döredilen Dante restoranynda Aşgabadyň aşpezleri we italýan tagamlarynyň muşdaklary ýygnandylar. Italýanyň aşpezlik sungatynyň ussatlary Italýanyň milli baýdagynyň reňklerine kybapdaş bolan üç sousyň: pesto (ýaşyl), beşamel (ak) we tomatly (gyzyl) souslary bişirmegiň tapgyrlaýyn taýýarlanyş usulyny görkezdiler diýip Türkmenportalyň habarçysy gürrüň berdi.

Aşpezler diňe bir tagam taýýarlamak usulyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem sousyň gelip çykyşynyň taryhyny we olaryň däp bolşy ýaly taýýarlanylyşynyň syrlary barada hem gyzykly gürrüň berdiler.

Ussatlyk sapagyny bu ugurda uly tejribä eýe bolan aşpez Anna Mariýa Palma başlady. Ol şeýle hem milli italýan aşhanasynyň mekdebiniň eýesidir. Anna Mariýanyň boýun alşy ýaly, ol aşpezlik sungatyna tutuş kalby bilen berlendir, şeýle hem ol ony başgalara öwretmegi juda halaýar.

Aşhanada aşpeziň ähli 5 duýgusy işjeň bolmalydyr! - diýip, ol reýhan otunyň esasynda kedr hozlary, parmezan peýniri, şeýle-de zeýtun ýagy goşulyp taýýarlanylýan pesto sousyny ussatlarça görkezmek bilen nygtady.

Soňra sous taýýarlamak nobatyny Andrea Palmiýeri dowam etdirip, bütin dünýä belli beşamel sousyny we öz halypasyndan öwrenen awtorlyk taýýarlanyş usuly boýunça tomatly sousyň taýynlanyşyny görkezdi.

Souslar taýýarlanylanda aşpezler wagtal-wagtal ussatlyk sapagynyň ähli gatnaşyjylaryna taýýar önümiň tagamyny datdyrdylar. Netijede, taýýar bolan pesto we beşamel souslaryny garyp, lazaniýa ýapraklarynyň arasyndan geçirip, howur peje saldylar. Taýýar bolan tagam ussatlyk sapagynyň ähli gatnaşyjylaryna dadyp görmek üçin hödürlendi.

Soňra aşpezleriň ussatlyk sapagyny alyp barmagy Marko De Wita dowam etdirip, ol neapolitan Margarita pissasyny taýýarlamagyň usulyny görkezdi.

Rim pissasyndan tapawutlylykda, neapolitan pissasynyň gyralary biraz gabardylyp bişirilýär. Pissa üçin üstüne Andre halypasyndan öwrenen taýýarlanyş usuly boýunça bişirilen tomatly sousy we parmezan peýniri ulanyldy.

Marko hamyry öz elleri bilen ýugrup, soňra ony elin edip ýaýdy (munuň olar oklaw ulanmaýan eken), pissany giň pilçä ýerleşdirip, ony howur peçde bişirdi.

Taýýar bolup bişen soň aşpez gyzgyn pissany ussatlyk sapagynyň gatnaşyjylaryna dadyp görmäge hödürledi. Şunda ussatlyk sapagyna gatnaşýanlar ol islendik sowal bilen ýüzlenmäge-de mümkinçilik berdi.

Ussatlyk sapagy Italiýadan gelen aşpezlere italýan aşhanasynyň dünýäsine şeýle jikme-jik aralaşandyklary üçin uly el çarpyşmalar bilen tamamlandy. Soňra ussatlyk sapagyna gatnaşanlar Italiýadan gelen meşhur myhmanlar bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Hoşlaşyk mahaly ussatlyk sapagyň her bir gatnaşyjysyna ilçihananyň ýadygärlik sowgady hökmünde Italýan aşhanasy hepdeliginiň nyşany bolan aşhana öňlügi gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda italýan aşhanasynyň agşamy geçirildi
Tomus lezzeti doňdurma
“Milanyň” öňki tälimçisiniň täze kluby
Türk Aşhanasy Londonda Tanyşdyryldy
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!
RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY