Paýtagtymyzyň Dante restoranynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Aşgabatda geçirilýän 9-njy Italýan aşhanasy hepdeliginiň çäklerinde italýan aşhanasynyň dabaraly agşamy geçirildi. Çäre Ortaýer deňzi sebitiniň tagamlary we kökleriň aşhanasy: saglyk we däp-dessurlar atly tema bagyşlandy.
Agşamyň hormatly myhmanlary hökmünde Türkmenistanyň we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Çärede Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari hem boldy.
Agşamyň esasy wakasy meşhur italýan aşpezleri: Marko De Wita, Andrea Palmiýeri we Anna-Mariýa Tukefiň ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi boldy. Myhmanlar üçin Italiýada däp bolan pissa we rizotto ýaly hakyky italýan tagamlaryny dadyp görmäge, şeýle hem saýlama italýan şeraplarynyň tagamyny duýmaga mümkinçilik döredildi.
2024-nji ýylyň 18-24-nji noýabry aralygynda geçirilýän Italýan aşhanasy hepdeligi Dante restoranynyň we Italýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurnaldy.