Aşgabatda italýan artistleriniň gatnaşmagynda “Pagliacci” operasy goýulýar

Aşgabatda italýan artistleriniň gatnaşmagynda “Pagliacci” operasy goýulýar

Meşhur eseri Aşgabatda türkmen-italýan artistleri bilelikde sahnalaşdyrýar.Onuň guramaçylygyna türkmen paýtagtynda geçirilýän III Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilelikde gatnaşýar.Belli opera kompozitory hem-de librettaçy Rujero Leonkawallonyň döreden bu eserini Aşgabatda italiýaly režissýor Danielle De Plano goýýar.

Operany italýaly we türkmen artistleri Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestrasynyň sazandarlyk etmeginde hem-de Döwlet horunyň gatnaşmagynda bilelikde ýerine ýetirýär.Sişenbe güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 7:00-de başlaýan opera oýnuna giriş tölegsizdir.

AFP habar agentligi munuň soňky 18 ýylyň dowamynda Türkmenistanda goýulýan ilkinji daşary ýurt operasydygyny aýdýar.Türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallynyň 19-njy noýabrda Pragadaky studiýamyzda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, bu diňe bir garaşsyzlyk ýyllarynda däl, eýsem, türkmen döwletiniň tutuş taryhynda italýan operaçylarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda goýulýan ilkinji italýan operasy bolup durýar.

Ol bu möhüm waka bilen bagly öz garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: “Meniň pikirimçe Aşgabatda italýan artistleriniň, italýan aýdymçylarynyň gatnaşmagynda italýan operasynyň goýulmagy gowy zat.Eger ýalňyşmasam bu ilkinji gezek edilýär.

Sowetler döwründe men şeýle bir ýagdaýynyň bardygyny eşitmedim, ýogsa şol döwürde baryp 40-njy ýylda döredilen opera we balet teatry uzak wagtlap işledi.Ol ýerde italýan operalary goýuldy.

Sebäbi italýan opearalary dünýä derejesinde nusga alarlykly iş” diýip, ýazyjy aýtdy.Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda opera we balet sungaty çarkandakly öwrümleri başdan geçirdi. 2001-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Magtymguly adyndaky opera we balet teatry ýapyldy hem-de onuň bazasynda Magtymguly adyndaky türkmen milli sazly drama teatry döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine girişmeginiň yzýany 2008-nji ýylyň ýanwarynda opera sungatyny täzeden dikeltmek barada döredijilik intelligensiýasynyň öňünde çykyş etdi. 7 ýyla çeken gadagançylykdan soň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda paýtagtyň sazly drama teatrynda ilkinji gezek “Şasenem-Garyp” operasy sahnalaşdyryldy.

Bu eseriň premýerasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem gatnaşdy. Şonda bäri her ýylyň 27-nji iýuny Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hökmünde bellenip geçilýär, bu senä gabatlap, ýurtda tutuş bir hepdäniň dowamynda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Ýöne bellemeli ýerli, Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi bilen Türkmenistanda opera sungatyna ýol açylsa-da Nyýazowyň ýapan Döwlet opera we balet teatry täzeden açylmady.

Goýulýan operalar köplenç Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylýar.Türkmenistanda Döwlet opera we balet teatry 1941-nji ýylyň noýabrynda, II Jahan urşy ýyllarynda öz işine başlapdy.Onda sowet ýyllarynda ýazylan “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Leýli-Mežnun” ýaly ýerli operalar ýerine ýetirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Edebiýat we sungat: Hyýaly giňişliklerden dörän ýadygärlikler we çeper hakykat
Bilbil sahnada saýranda
Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
HALYPA HORMATY BELENT
Türkmen we azerbaýjan onlaýn-konserti