Aşgabatda işleýän Ahalyň ýaşaýjylaryna koronawirus sebäpli, paýtagta barmak gadagan edildi

Aşgabatda işleýän Ahalyň ýaşaýjylaryna koronawirus sebäpli, paýtagta barmak gadagan edildi

Türkmenistanda koronawirus ýokançlarynyň ýaýramagyna garşy çäreleri görmek dowam edýär.

Ahal welaýatynyň Gämi, Änew, Gäwers,Ýaşlyk we Gökdepe ýaly şäherleriniň we obalarynyň ýaşaýjylaryna aýratyn görkezmä çenli Aşgabatdaky işlerine barmak gadagan edildi.

Eger işçi eýýäm, dynç alyşyny alan bolsa, onda oňa tölegsiz dynç alyş teklip edilýär diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Şeýle görkezmäni Aşgabatdaky kärhanalaryň we guramalaryň wekilleri 3-4-nji sentiýabrda aldylar.

Aşgabatdaky “elitniy” diýliň atlandyyrlýan jaýlaryň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, hut şu karar sebäpli, jaýlaryň gözegçileri, wahtiýorlary işlemeýärler. Çünki olar paýtagtyň eteklerindäki oba-şäherlerde ýaşaýarlar.

1-nji sentiýarda “Azatlyk” radiosynyň beren maglumatyna görä, Ahal sanly ulaglaryň sürüjileriniň paýtagtdan gitmegini polisiýa talap edýär.

Polisiýa öz hereketleri barada düşündiriş bermeýär.

“Türkmen.news” neşiriniň maglumatynda koronawirus sebäpli, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň, Mary welaýatynda iki obanyň we Daşoguzda bolsa, biriniň ýapykdygy habar berilýär.

The post Aşgabatda işleýän Ahalyň ýaşaýjylaryna koronawirus sebäpli, paýtagta barmak gadagan edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda daşary ýurt ýolbaşçylarynyň forumyna taýýarlyk ilata kynçylyk döretdi
04.09.2019 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Güýçli ýagyş paýtagtyň ençeme köçesinde jaýryklary emele getirdi; garaşsyz neşir Mara sil gelmek howpunyň abanýandygyny aýdýar
Aşgabada owalkylar ýaly, regionlaryň maşynlaryny goýbermeýärler
Aşgabadyň iri banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýar
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
29.08.2018 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi