Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Işewürligi hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň orny atly halkara maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly guralan foruma Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki döwletleriň işewürleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Maslahatyň esasy mejlisinde hem-de bölümlerinde gurluşyk we senagat pudaklaryny, ulag-logistika infrastrukturasyny, agrosenagat toplumyny ösdürmekde işewür hyzmatdaşlygyň orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi.Ilki bilen, TSTB-niň ýolbaşçysy ýurdumyzda türkmen telekeçilerine berilýän goldaw hem-de olaryň durmuşa geçirýän taslamalary, esasy iş ugurlary hakynda çykyş etdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 26 müňden gowrak agzany özünde jemleýär.Olaryň öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, dünýäde ýokary baha mynasyp bolýar.
Milletiň Lideriniň ýakyn goldawy netijesinde, işewürlikde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we tehnikalarydyr tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Forumda Gazagystanyň Atameken milli telekeçiler palatasynyň, Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň, Waagner Biro Bridge Systems AG, Turope, GessCon GmbH, BS Global GmbH, SAFA TARIM A.Ş.kompaniýalarynyň wekilleri ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda çykyş etdiler.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalara gatnaşmak, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça başlangyçlar öňe sürüldi.Caterpillar, JCB, Renault Trucks, Wirtgen Group, John Deere kompaniýalary gurluşyk, senagat, ulag-logistika we oba hojalygy ýaly pudaklarda ulanmaga niýetlenilen döwrebap tehnikalary hödürlediler. Şeýle-de halkara maslahatda türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda pikir alşyldy.