Aşgabatda Iran Project ady bilen Eýranyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Aşgabatda Iran Project ady bilen Eýranyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

17 — 19-njy noýabr aralygynda AşgabatdaTürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Iran Project atly Eýran Yslam Respublikasynyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler.

Bu sergä Eýranyň öňdebaryjy 100-e golaý kärhanasy, ýagny gurluşyk pudagyna degişli (gurluşyk materiallary, daş, sement, keramika, plitkalar, kranlar we saglygy goraýyş enjamlary, elektrik enjamlary, kabeller, rozetkalar we jaýlary yşyklandyryş enjamlary) we tehniki-inženerçilik hyzmatlary hödürleýän kärhanalar (nebit, gaz, nebithimiýa, elektrik, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m.) gatnaşar.

Sergi 17-nji noýabrda öz işine başlar.

Şeýle-de 18-nji noýabrda Eýranyň we Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda tejribe, pikir alyşmak maksady bilen ykdysady hyzmatdaşlyk mejlisi geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler
Eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler