Aşgabatda iň arassa mekdep we çagalar bagy bäsleşigi başlandy

Aşgabatda iň arassa mekdep we çagalar bagy bäsleşigi başlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Aşgabadyň iň arassa mekdebi we çagalar bagy bäsleşigi başlandy. Bäsleşik dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy döwründe has möhüm bolan arassaçylyk we şahsy gigiýena düzgünleriniň berk berjaý edilmegine bilim edaralarynyň okuwçylarynyň we işgärleriniň ünsüni çekmegi maksat edinýär diýip, ORIENT habar berýär.

Bäsleşige gatnaşyjylara 15 görkeziji, şol sanda lukmançylyk merkezleriniň iş şertleri, wirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleriniň berjaý edilişi, dezinfeksiýa çäreleriniň geçiriliş derejesi we beýlekiler boýunça baha berler. Şäher häkimligi we paýtagtyň etrap administrasiýalary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugy bäsleşigiň geçirilmegine ýardam berer.

Bu gurluşlaryň wekilleri bäsleşige gatnaşyjylara on bal şkala boýunça baha bererler.Bäsleşik iki tapgyrda etrap we şäher derejesinde geçiriler.Birinji tapgyr noýabryň ilkinji ongünlüginde, ikinji tapgyr şol aýyň soňky ongünlüginde geçiriler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda wirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen ýörite düzgünler hereket edýär.Synp otaglarynda iş stollarynyň arasynda 2 metr aralyk goýuldy.Sapaklaryň dowamlylygy gysgaldyldy, arakesme wagtynda synp otaglarynda dezinfeksiýa serişdeleri bilen arassalama işleri geçirilýär.

Bilim edaralaryna girmezden öň gelýän adamlaryň we okuwçylaryň temperaturasy ölçenilýär, elleri dezinfeksiýa edilýär.Bilim edarasynyň çägine diňe gorag lukmançylyk örtügi bilen girmäge rugsat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy
Aşgabatly mekdep uçurymlary mugallymy zäherlemekde güman edilýär - olar para üçin "jeza bermek isläpdir"
Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär
Sahna belentligi
Okuw ýylynyň ilkinji güni täze mekdepler işigini giňden açdylar
Köýtendaglylar oba mekdepleriniň köpüsiniň täzeden gurulmagyna, okuwyň hiliniň gowulandyrylmagyna garaşýar