4-nji dekabrda Aşgabatda Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady diýip, ТДХ habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, “geçirilýän sergi importyň ornuny tutýan önümler babatda ýurduň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy tejribesi we innowasion işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi”.
Ýurtda çagalar iýmiti önümlerini, şerbetleri, maýonezi, doňdurmany, konserwalary, balyk tagamlaryny, ýogurtlary, kolbasalary, süýji-köke önümleri we snekleri öndürmegiň ýol goýlandygy habar berilýär.
TDH-nyň maglumatyna we fotografiýalara laýyklykda, tekjelerde gök we miwe önümlerini, egirme-dokma önümlerini, ýüpek halylary, hojalyk harytlaryny we plastiki oýunjaklary görse bolýar.
1 of 9
Serginiň dowamynda ösümlik ýaglaryny öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşýan “Gündogar Akymy” hojalyk birleşigi bilen Şweýsariýanyň “Syngenta Agro AG” firmasynyň arasynda türkmenistanda ekmek üçin günebakar çigidini ibermek barada şertnama baglaşyldy.
“Agzybir Ojak” hojalyk birleşigi bilen Türkiýäniň “ERENSOY Gida Ve Ambalaj Makinalari San” we “Tic. Ltd. Şti и EKTAM Makine San. Ýe Tic. A.S” firmalarynyň arasynda çüýşe önümlerini öndürmek boýunça tehnologiýa satyn almak, rafinirlenen ýagy gaplamak üçin enjam satyn almak we oturtmak boýunça şertnama gol çekildi.
2020-nji ýylda ýag öndürýän iki zawody ulanmaga bermek nazarda tutulýar. Bu zawodlary çig mal bilen üpjün etmek üçin 2019-njy ýylda 5 müň gektar ýere günebakar ekmek planlaşdyrylýar.
Ýatladýarys, Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji dekabrda söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowdan import önümleriň möçberini azaldyp, ýurduň bazarlaryny elýeterli bahadan dürli görnüşdäki ýerli önümler bilen üpjün etmegi talap etdi.