Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar we adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň barha ýaramazlaşmagy, şeýle-de, ýerli kanunçylygyň çaga düşürtmegi hakykatda tasdan gadagan etmegi çaga dogurulýan öýlerde doglan çagadan ýüz öwürmek ýa-da olary göni manysynda zibil çelegine taşlamak ýagdaýlarynyň köpelmegine sebäp boldy.
Täze doglan bäbegiň dem-düýtsüz jesedini Howdan “A” etrapçasynyň jemgyýetçilik işgärleri zibil çeleginden tapdylar. Bu waka 22-nji iýulda, sagat 11 töweregi, Ankara köçesiniň ugrundaky howlular arassalanýarka, 31-nji we 42-nji orta mekdepleriň arasynda bolup geçdi.
“Çaga hiç hili dirilik yşaratyny görkezmedi.Kommunal işgärler derrew polisiýa jaň etdiler.Olar çalt gelip, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeşlik geçirip başladylar.Bu Gurban baýramynyň üçünji gününde (22-nji iýul) boldy. Şu sebäpden bu gün köp ýaşaýjy öde dynç alýardy.
Polisiýa garawulyň zibilhananyň golaýynda bolmagyny we çagany tapyp-tapmandyklary bilen gyzyklanýan şübheli aýallara gözegçilik etmegi tabşyrdy” diýip, bu waka şaýat bolanlaryň biri habarçysyna aýtdy.
Ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, çaganyň jesedini wakanyň bolan gelen lukmanlar alyp gitdiler.
Bu täze doglan bäbekleriň zibil çelegine taşlanmagynyň iki hepdäniň içinde garaşsyz habar beriş serişdelerine habar berlen ikinji gezegi bolup durýar.
Garaşsyz neşir “Turkmen.news” 12-nji iýulda paýtagtyň Parahat-2 etrapçasynda tapylan çaganyň jesedi barada habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, bu çaganyň jesedi 9-njy iýulda, 12-nji çagalar bagynyň golaýyndan tapylypdyr.
Şeýle-de neşir 2021-nji ýylyň aprelinde Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki hassahanasynyň hajathanasynda tapylan çaga jesedini ýatladýar.
Azatlyk radiosynyň habarçylary soňky ýyllarda bu hili hadysalaryň sanynyň ep-esli artandygyny habar berýärler. Ýerli synçylaryň pikiriçe, munuň sebäbi ykdysady kynçylyklar we Türkmenistanda ýaşaýyş derejesiniň ýyl-ýyldan aşak gaçmagy bilen bagly. Mundan başga, çaga aýyrtmagy hakykatda doly diýen ýaly garadan edýän kanunlar hem şeýle ýagdaýlaryň gürelmegine getirýär.
Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak baradaky" kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, çagany aýyrtmaga bäş hepdelik göwrelilik möhletinde rugsat berilýär. Bu bir aýalyň aýbaşysynyň gijikmegi sebäpli özünde çaga galandygyny çaklap, eger aýyrtjak bolsa, bäş hepdelige golaý çagasyny birnäçe gün içinde düşürtmelidigini, şondan gijikse, kanuny bozýandygyny aňladýar. Göwrede galan çagany bäş hepdeden soň düşürtmek üçin ýörite komissiýanyň karar çykarmagy gerek.
Bu ýagdaý täze doglan çagalaryň sözüň doly manysynda hapa çelegine zyňylmagy, şeýle-de çaga dogurulýan öýlerde taşlanyp gaýdylmagy ýaly wakalaryň köpelmegine getirdi.
Azatlyk radiosy iýun aýynyň ahyrynda Türkmenistandaky çaga dogurulýan öýlerde ejeleri tarapyndan terk edilen çagalaryň pul üçin nätanyş adamlara berlişi barada makala çap etdi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada gürrüň beren çeşmesi “munuň adaty çaga söwdasy bolup durýandygyny” aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.