Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň (HZG) baş direktorynyň kömekçisi, sebit direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi diýip, türkmen metbugaty 21-nji fewralda habar berdi. Emma habarda ýurtda saklanyp galýan mejbury zähmet, giň ýaýran mätäçlik hakynda hiç zat aýdylamýar.
Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşyga Daşary işler ministrliginiň, ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Tegelek stol söhbetdeşliginiň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen türkmen hökümetiniň arasynda “2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň” taslamasynyň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar, emma Türkmenistandaky mejbury zähmet meselesi barada hiç bir zat aýdylmaýar.
Şu aralykda, “Turkmen.news” neşiriniň ýazmagyna görä, Halkara zähmet guramasynyň wekilleri Türkmenistandaky pagta ýygym möwsüminde uly adamlaryň we çagalaryň mejbury zähmete çekilýändigini ýüze çykardy.
Neşir bu maglumaty Halkara zähmet guramasynyň geçen ýyl Türkmenistanda bolup, dünýäniň dürli ýurtlarynda mejbury zähmetiň ulanylyşy barada çap eden hasabatynda paýlaşan netijelerine salgylanyp ýazýar.
HZG-nyň wekilleri Türkmenistanda mundan öň geçen ýyl, oktýabr aýynda, pagta ýygymynyň dowam edýän wagtynda boldy. Emma missiýanyň gelen netijeleri entek çap edilmedi.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminde giňden ulanylýan mejbury zähmet, daýhanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň az girdejili işlerde işlemäge mejbur bolşy we ýyl aýagynda bergili çykyşy barada ençeme ýyl bäri habar berýärler.
Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda yglan edilen özgertmeler, synçylaryň we hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, diňe oba adamlarynyň däl, şäherlerde, etrap merkezlerinde işleýän býujet işgärleriniň-de has kän mejbury zähmete çekilmegine alyp geldi.
Şol bir wagtda, türkmen metbugaty pagta süýüminiň we dokma önümleriniň daşary ýurtlardan gelen täjirlere daşary ýurt walýutasyna satylýandygyny habar berýär.
Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürýän adamlaryň gurplanmazlygyndan başga, soňky ýyllarda oba syýasaty oba infrastrukturasynyň hem tasdan doly weýran bolmagyna alyp geldi.
Türkmen metbugaty we hökümeti bu aýdylýanlary umumylykda inkär edip, oba adamlarynyň durmuşyny gowulandyrmakda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly işleriň edilýändigini tekrarlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.