29-njy noýabrda Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
Hökümetara komitetiň ýolbaşçylary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeli we hemmetaraplaýyn ösmeginde esasy faktor bolup, ýokary döwlet derejesindäki açyk, ynamly, netijeli we dostlukly dialogyň çykyş edýändigini bellediler.
Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylyň noýabr aýynda onlaýn görnüşde geçirilen 5-nji mejlisden bäri geçen döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasynda gazanylan şertnamalaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilýändigini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek maksady bilen, Komitetiň mejlisiniň netijeleri boýunça iki ýurt tarapyndan ylalaşylan köp tabşyryklar ýerine ýetirildi.
Energetika we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bar bolan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar söwda, energetika, ulag, infrastruktura, oba hojalygy ýaly ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, şeýle hem ylmy we tehnologiki üstünlikleri alyşmak, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň telekeçileri üçin amatly iş şertleri döretmegiň zerurlygy barada biragyzdan pikir aýtdylar.
Türkmenistanyň we HHR-nyň tehnologiki ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürmek we iki ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine itergi bermek üçin täze mümkinçilikler tapmakda uly geljeginiň bardygy mälim edildi.
Mejlisiň dowamynda söwda, energetika, ulag we logistika, medeniýet, bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar ugurlaryndaky ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge taraplaryň özara taýýarlygy tassyklanyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça şu aşakdaky resminamalara gol çekildi:
– Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna;
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga.