Aşgabatda hususy dükanlary ýapmak mejbur edilýär

Aşgabatda hususy dükanlary ýapmak mejbur edilýär

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryň geçjek Olimpiýa şäherjigine ýanaşyk raýonlardaky hususy dükanlaryň 50-ä golaýy ýapyldy.

Paýtagtyň Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalaryndaky dükanlaryň eýeleriniň aýtmagyna görä, geçen hepdäniň anna güni şäher häkimliginiň, salgyt gullugynyň we söwda ministrliginiň wekilleri aýlanyp, söwdegärlere öz nokatlaryny ýapmaklaryny tabşyrypdyrlar.

“Olar [resmiler] gelip, ’eger-de ertir dükanlaryňyz açyk bolsa, özüňizden görüň. Aziada tamamlanýança söwda başlaýmaň” diýip, haýbat atyp gitdiler” diýip, Parhat-2/1 etrapçasyndaky dükanyň eýesi, 40 ýaşlaryndaky Gurban (ady üýtgedilen - red.) Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesine aýtdy.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, Olimpiýa şäherjiginiň golaýyndaky sebitlerdäki dükanlaryň ýapylmagy baradaky tabşyryk mundan sekiz aý töweregi ozal berlipdi. Şol pursat resmiler ýarym-ýerzeminlerde ýerleşen dükanlaryň çyglyk derejesiniň kesgitlenen kadalara gabat gelmeýändigini öňe sürüpdiler.

Mundan soň, dükanlaryň aglabasy ýapylsa-da, söwda nokatlarynyň käbiri öz işini dowam etdiripdi.

“Mundan ozal [dükanlarymyzda] ähli zat kadaly bolup, gel-gel Aziadanyň öň ýanynda bir mesele tapylmalymy?! Meniň pikirimçe, bu oýunlaryň öňüsyrasynda edilýän ýörite çäre” diýip, geçen hepde dükanyny ýapmaga mejbur edilen Gurban närazylygyny bildirdi.

Gurban söwda nokadynyň işini togtatmak bilen köp harydynyň satylman galandygyny, uly maliýe zyýanyna galandygyny hem sözüne goşdy.

“Biziň satýan zatlarymyzyň aglabasy azyk, gök-önüm harytlary, süýt önümleri. Olary wagtynda ýerlemeseň, tiz zaýalanýarlar. Indi olary geçer-geçmez ýerine satmaly bolduk. Ýa-da puluny haçan berseň, şonda ber’ diýip, ynamdar müşderilerimize lomaýlap berdik” diýip, ol aýdýar.

Etrapçalaryň içindäki dükanlaryň ýapylmagy söwdagärler bilen birlikde, sebitiň ýaşaýjylaryna hem ýaramaz täsir ýetirendigine üns çekilýär.

“Ozallar öýüň aşagyna düşüp, [hususy dükandan] gerek-ýaragyňy alyp bolýardy. Indi bolsa, tutuş Parahat-1, Parahat-2 etrapçalary üçin niýetlenen ýeke-täk bazara, birnäçe kilometri ýöräp aşmaly bolýarys” diýip, 60 ýaşlaryndaky Ogulbossan daýza gürrüň berdi.

Olimpiýa şäherjiginiň golaýyndaky sebitlerdäki dükanlaryň ýapylmagy, olaryň söwdagärlere we ýaşaýjylara ýetirýän täsiri barasynda ne Aşgabat häkimliginden, ne-de Söwda ministrliginden nähilidir bir maglumat almak başartdy. Bular barada döwlet mediasynda hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

Galyberse-de, 17-27-nji sentýabr aralygynda geçjek Aziada oýunlary bilen baglylykda, söwdagärlere girizilýän her dürli çäklendirmelerden başga, Azatlyk Radiosy türkmenistanlylardan serişde toplanyşy, Aziadany geçirmäge maliýe ýetmezçiligi zerarly aýlyklaryň gijikdirilişi, Aşgabadyň köçelerindäki ulaglaryň sanyny çäklendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda polisiýa işgärleri dükanlardan mugtuna haryt alýarlar
Pakistanda Polisiýa Merkezi Nyşana Alyndy
Russiýa, Ukraina Degişli 2 Etrapçany Ele Geçirdi
Türkmenabatda ýene-de suw üpjünçiligi kesildi
Aliýew Hankendi Şaherine we Hojaly Etrapçasyna Bardy
Suwy ölçegli we tölegli ulanmak talap edilýär