Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)

Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)

Aşgabadyň polisiýasy saýlawlar geçenden soňra, raýatlara kiçijik kanun bozmalar üçin jerime salmaga başladylar: ýüz örtgini dogry dakmandygy ýa hiç dakmandygy,rugsat edilmedik ýerde ýoldan geçendigi ýa-da köçede çilim çekendigi üçin.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, polisiýa bir nobatda 10 sany kanun bozana jerime salmak barada meýilnamanyň bardygyny boýun alýarlar. Başlyklar aprel aýyndan o sany 15-20 adama ýetirmek haýbatyny atýarlar.

Jerimeler boýunça plan dolmaly polisiýa kanun bozýanlary gorkuzmazlyk üçin raýat eşiginde işe çykýarlar.Emma, jübisinde şahadatnamasyny göterýärler.

Olar iki bolup ýoluň iki tarapynda hem söwda nokatly emma pyýadalar üçin ýoda bolmadyk bazarlaryň, awtobus duralgalarynyň golaýynda nobatçylyk edýärler.

Şunlukda,olar 30-njy ýaşaýyş etrapçasynda haýwanat bagynyň golaýyndaky dermanhana barýan,ýiti dem alyş ýokançlyklar alamatlary bolanlykda şübhelenýän garry enäni saklapdyrlar.

Ýakynda pyýadalara niýetlenen geçelgäniň ýokdugy üçin garry ene ýoluny gysgaldypdyr we Magtymguly şa ýolundan geçipdir.

Ol ýoldan geçmezden owal polisiýa bilen garşylaşmazlyk üçin ilki ýola gowy esewan edipdir.Emma, ýoluň garşysynda garry enäniň ýanyna iki sany ýaş adam gelip, şahadatnamasyny görkezipdirler we 21 manat (“gara bazar” nyrhdan 1 dollardan gowrak) jerime talap edipdirler.

Garry ene jerime töländen soňra,derman satyn almaga pulunyň ýetmezliginden howatyrlanyp,tölege pulunyň ýokdygyny aýdypdyr.Mundan soňra ony 04-49AGF sanly awtoulaga zor bilen salyp, polisiýa merkezine äkidipdirler.

“Hossarlaryňa jaň et, bolmasa wagtlaýyn tussaghanada oturmaly bolarsyň” diýip oňa polisiýa merkezinde aýdypdyrlar.

Garry enäniň hossarlary gelip jerime töläpdirler we töleg barada hat bermändirler.Emma, öňünden ýazylan düşündirişe gol goýmagyny talap edipdirler. Onda şeýle diýilýär: Men pyýadalar üçin niýetlenmedik ýerden geçenligim üçin, 21-manat jerimäni tölemäge razy.

Ses ýazgyda polisiýa garry enä “herrelýär”:

“Eger polisiýany howpsuzlyk alada goýýan bolsa,onda olar polisiýa eşiginde nobarçylyk çekerdiler. Şonda adamlar düzgünleri bozmazdylar. Ýöne, olaryň niýeti başga, ýagny, adamlar köpräk kanuny bozsunlar,soňra köp jerime salmak mümkin” diýip garry ene aýdýar.

Polisiýa bazarlarda we söwda nokatlarynda adamlaryň maskasyny dogry dakmandygy üçin jerime salýarlar. Kafelerde we restoranlarda serhoşlary ýa çilim çekenleri “awlaýarlar”.

Ahyrkylardan 50 manatdan 100 manada çenli jerime alýarlar.

Adamlar polisiýanyň nämeüçin öz eşiginde däldigini,ýörite jetonynyň ýokdygyny, jerime töländigi üçin talon bermeýändigini soraman, töleg edýärler.

The post Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Katmer kafesi Täze ýyl agşamy iş tertibiniň üýtgejekdigini habar berýär
Býujet işgärlerine kafelerde we restoranlarda Täze ýyl üýşmeleňlerini geçirmek gadagan edilýär
“Gadam” gurnagynyň gadamy batly
Üzüm kafesi we Dynamika fitnes kluby bir gezeklik 10% arzanladyş petegini hödürleýär
Üzüm kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Malefia kafesi tomsuň tamamlanmagy mynasybetli ähli tagamlarynyň bahasyny arzanladar