Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça duşuşyk geçirildi

Aşgabatdaky Arçabil myhmanhanasynda 3-nji oktýabrda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça maslahatçysy Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda utgaşdyryjy platforma Hazarüsti halkara ulag geçelgesini Ýewropa bilen Merkezi Aziýany has durnukly we çalt baglanyşdyrýan ulag geçelgesine öwürmäge mümkinçilik berer.

Duşuşyga gatnaşan daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi we ulag arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Bu täze utgaşdyryjy platforma Hazarüsti ulag geçelgesiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ony Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan multimodal ulag ugruna öwürmäge gönükdirilendir.

Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşiň möhüm şertini üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar. Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we telekeçiligiň ösdürilmegini şertlendirýär.

Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan esasy ulag ugrudyr. Bu ulag ugrunyň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalarynyň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Täze utgaşdyryjy platforma demir ýol, awtomobil we port infrastrukturasyna maýa goýumlary höweslendirer, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bu platformanyň çäklerindäki bilelikdäki iş diňe bir ulag infrastrukturasyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ulag ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem çaltlandyrar.

Duşuşygyň ahyrynda utgaşdyryjy platformanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB ulag hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Libertadores Kubogynyň täze çempiony
Kanadada guş dümewi bilen kesellän ilkinji hassa hasaba alyndy
“Serie A”-da super duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady
Olimpiadanyň taryhyndaky täsin wakalar
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi