Aşgabatdaky harby ofiserleriň ýaşaýyş jaýlary ünsden düşürilip, split-ulgamlary işlemeýär. Bu ýagdaý, howanyň temperaturasy gündizlerine kölegede 40 gradusa golaýlaýan mahaly, jaýlaryň ýaşaýjylaryna oňaýsyz täsir edýär.
Bu barada ýaşaýyş jaýlaryna duldegşir ýerleşýän 2109 belgili harby bölümde gulluk edýän esger ogullaryny görmäge baran ene-atalar we Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmeleri gürrüň berdiler.
“Tomsuň başyndan bäri jokrama yssyda ýaşaýyş jaýlaryndaky merkezleşdirilen kondisionerler işlemeýär. Adamlar aýna we gapylaryny gije-gündiz açyp, çadyrda ýaşaýan ýaly gün geçirýärler” diýip, esgerleriň biriniň ene-atasy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, yssa çydaman, gartaşan adamlaryň, çagalaryň saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly wakalar hem köp bolýar.
"Ýaşaýyş jaýlaryndaky kranlardan gyzgyn suw hem akmaýar. Adamlar sowuk suw bilen gün görmeli bolýarlar. Jaýlaryň howlusyndaky zibil çelekleri hem hepdede bir gezek arassalanýar. Çelekler we olaryň daş-töweregi zibilden dolup-daşyp dur" diýip, ene-atalar belledi.
Gürrüňi edilýän ýaşaýyş jaýlary mundan 10 ýyl cemesi ozal 2109 belgili harby bölüm täze açylan wagty oňa duldegşir edilip guruldy.
Her biri 40 kwartiradan ybarat bäş gatly iki ýaşaýyş jaýynda iki we üç otagly kwartiralar bolup, olar agzalýan harby bölümde gulluk edýän ofiserleriň we olaryň maşgala agzalarynyň wagtlaýyn ýaşamagy üçin niýetlenip guruldy.
“Olarda harby ofiserler gelinli we agtykly iki-üç, käte dört-bäş maşgala bolup ýaşaýarlar. Harby bölüm gurlan mahaly, onda tas ähli amatlyklar bardy, split-ulgamlary möwsüme görä, sowuk ýa-da gyzgyn edilip işledilýärdi, ýöne soňy bilen ünsden düşürilip başlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, bu ýaşaýyş jaýlaryna gözegçilik edýän harby bölümiň resmileri näsazlyklaryň sebäbini suw geçiriji turbalaryň deşilip, hatardan çykandygy bilen düşündirýärler.
“Ýöne ýolbaşçylar näsazlyklar tas üç aýa golaý wagt bäri dowam edýän bolsa-da, olary bejermek üçin hiç hili çäre görmeýärler. Ilkibada harbylardan pul ýygnadylar, ýöne ondan hem netije bolmady” diýip, çeşmämiz belledi.
Ýaşaýyş jaýlarynda birnäçe gezek abatlaýyş işlerini geçiren tehniki hünärmenleriň biri meseläniň ýyladyş we sowadyjy ulgamlarynyň bug gazanlaryndaky näsazlygyň çözülmezligi bilen baglanyşyklydygyny belledi.
“Gazanlarda 12 sany hereketlendiriji işlemeli. Ilkinji ýyllarda bu gazanlar şeýle görnüşde işleýärdi. Häzir bolsa, diňe dört hereketlendiriji işleýär. Bu hereketlendirijileri bejermek we gurallary satyn almak üçin pul gerek. Ýöne resmiler serişde goýbermeýäne meňzeýär” diýip, tehniki hünärmen aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada 2109 belgili harby bölümden we ýurduň Goranmak ministrliginden teswir alyp bilmedi.
Çeşmelerimiz ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan harbylaryň käbirleriniň ýagdaýa özbaşdak çäre görýändigini we maddy mümkinçilikleriniň ýetdiginden, split-ulgamlaryny we suw ýyladyjy (boýler) ýaly enjamlary öz hasaplaryna satyn alyp, oturdýandygyny hem belledi.
“Split-ulgamyny goýdurmak üçin azyndan 250-300 ABŞ dollary gerek. Harby ofiserleriň köpüsi bu ýagdaýdan juda nägile bolýar, ýöne häzirlikçe başga alajynyň ýokdugyny, özara gürrüňdeşlikde aýdýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.
Bu waka, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby serkerdeleriň ýaramaz ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edip, işlerini taşlamaga we has oňat mümkinçilikleri gözlemäge ýykgyn edýändigi barada Azatlyga gelip gowşan maglumatlardan bäş aý soňa gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.