Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda, 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.Oňa ýurduň dürli künjeklerinden gelen zenanlar tomaşa etdiler. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, baýramçylyk konsertine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri hem çagyryldy.

Baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň, şol sanda Güneş çagalar horunyň we Şowhun çagalar tans toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Enä tagzym — mukaddeslige tagzym atly kitaby esasynda goýlan aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy.

Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy bolan Türkmenistana buýsanç beýan edildi.

Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda ýurduň mährem we gözel zenanlaryna joşgunly gutlaglar beýan edildi. Olaryň hoşniýetliligini we sadalygyny, asyllylygyny we paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, enelik söýgüsini we näzikligini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp sahnasynda meşhur sungat ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler.Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomaşaçylara milli we daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleriniň çemenini sowgat berdiler. Ýaş aýdymçylar we Mukam skripkaçylar topary Jana-jan enem atly liriki eser arkaly öz zehinlerini görkezdiler hem-de mähirli duýgularyny beýan etdiler.

Sahnada türkmen şahyrlarynyň zenan gözelligini wasp edýän şygyrlarynyň esasynda dörän aýdymlar ýaňlandy. Türkmenistanyň döwlet tans ansamblynyň, Serpaý folklor toparynyň we Näzli, Galkynyş, Aşgabat, Meňli, Altyn miras, Laçyn tans toparlarynyň çykyşlary konserte aýratyn näziklik öwüşginini çaýdy. Olar tansyň üsti bilen zenanlara bolan mähribanlygy we hormat-sarpany beýan etdiler. Ähli çykyşlar wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

Miras folklor toparlarynyň ýerine ýetiren Küştdepdi tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

Konsertiň ahyrynda Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar atly ajaýyp aýdymy dabara gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk konsertine tomaşa etdi
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar